Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, dünýä nusgalyk başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramak, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň ýetişdirilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hut halkyň bähbidi üçin edilýän tagallalar watandaşlarymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgüsini, hormat-sarpasyny has-da artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine niýetlenen islendik maksatnama işlenip taýýarlanylanda, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, halkyň zerurlyklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýandygyny, raýatlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýumlary çekmek işleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, hususy başlangyçlara goldaw bermegiň, beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan işleriniň ajaýyp miweleri bolup göwnümizi göterýär. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler-de ildeşlerimizde uly hoşallyk duýgularyny döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.
Aýjemal Ýagşymämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri
“Türkmenistan” gazeti
22.09.2024 ý