Müňýyllyklaryň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, geçmiş taryhymyzy öwrenmäge aýratyn uly üns berilýär. Gadymy ýadygärliklere we geçmiş taryhyna baý bolan ata Watanymyzyň her bir künjegi dünýä taryhynyň sahypasynda mynasyp orun eýeleýär. 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, maslahatlar yzygiderli guralýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy şäheriň geçmiş taryhyna we şu gününe bagyşlanan ajaýyp eserdir. Kitapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň geçmiş taryhynyň öwrenilişi, häzirki wagtda şäheriň ösüşi barada gyzykly maglumatlary beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris» diýmek bilen, halkymyzyň baý geçmişiniň älem içre belent sarpalydygyny belleýär. Şeýle hem ajaýyp kitapda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanyň kalbynda hemişelik ýaşaýan ynamyň ähmiýetini täsirli pikirler bilen açyp görkezýär. «Ynam — mukaddeslik. Ynamy ödemek — mertebe. Halkymyz hatda ynamy ödemäge yhlas etmegiň özüni-de ýagşy häsiýetleriň hatarynda goýýar» diýip, belläp geçýär. Ynama mukaddeslik hökmünde baha berip, ony ödemegi mertebe saýmak her bir ynsan üçin ýagşy, asylly häsiýetleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp gymmatly pikirleri watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Şeýle hem bu ajaýyp kitapda taryhy maglumatlara, dürli ýyllardaky alnyp barlan işlere ser salynýar. Änew şäheri gadymyýetde medeniýetleriň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Muny alymlaryň, arheologlaryň dürli ýyllarda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar hem aýdyň görkezýär. Änew şäheriniň ak bugdaýyň mekany hökmünde ykrar edilendigi hem buýsançly hakykatdyr. Bu hem gadymy toprakda ekerançylygyň gülläp ösendigini görkezýär. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň ösmeginde uly orna eýe bolan Änew şäheriniň taryhy her birimiziň kalbymyzda ata Watanymyza bolan beýik buýsanjy oýarýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň gymmatly gollanmamyza öwrülendigini aýratyn belläsimiz gelýär.

Jemal Gulbaýewa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

03.10.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Görogly etrap komiteti