Döwletiň berkararlygy, jemgyýetiň jebisligi

Ýurdumyzda milli demokratik ýörelgämiziň dabaralanmagy jemgyýetiň kämil ösüşiniň binýadyny emele getirdi. Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz baradaky taýsyz tagallalary we irginsiz zähmetleri netijesinde adalatlylyk, ynsanperwerlik, döwletlilik, milli gymmatlyklara sarpa goýmak ýaly ýörelgelerimiz dowamat-dowam bolýar.

Şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky örän baý tejribesi esasynda, halkyň pikirine sarpa goýmak ýaly asylly däpleriniň şu günlerimize çenli gelip ýetmegi, döwletlilik ýörelgämizden habar berýär. Halkyň bähbidi, parahat durmuşda ýaşamagy ýaly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Halk Maslahatynyň esasy maksady her bir raýatyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetde halkyň tekliplerini diňläp, ýurdumyza we halkymyza bähbitli boljak işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halk Maslahatynyň jemgyýetiň we döwletiň ösüşine aýratyn täsiri bardyr. Çünki beýik akyldaryň özbaşdak, Garaşsyz ýurtda ýaşamak arzuwy bu gün ähli türkmen halkyna miýesser etdi we Pyragynyň eserlerindäki watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala gymmatlygyna sarpa goýmak ýaly düşünjeleri öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwrüň ruhuna kybap gelýän, jemgyýetiň talaplaryna we onuň ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň wezipelerine laýyklykda netijeli işleri amala aşyrýar.

Döwletiň aýdyň geljegi, halkyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy onuň agzybirligine, jebisligine bolan beýik ynamyna we şol ynam esasynda ýerine ýetirilen maksada okgunly işleriň ýerine ýetirilmegine bagly bolup durýar. Biziň ýurdumyzda döwlet we jemgyýetiň agzybirligini Türkmenistanyň Halk Maslahatynda aýdyň görmek bolýar. Şonuň netijesinde-de, ýurdumyzda syýasy ulgam kämilleşýär, demokratiýa pugtalandyrylýar, ykdysadyýet ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar, ynsanperwerlik we adalatlylyk jemgyýetde höküm sürýär, döwrebap ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär we dünýä jemgyýetçiliginde döwletimiziň at-abraýy artýar, orny barha beýgelýär. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat tapan ajaýyp Arkadag şäherimiziň döwrebap şertlerinde hem aýdyňlygy bilen görýäris. Gysga wagtyň içinde bina edilen bu ajaýyp şäheriň halkymyza peşgeş edilmegi ýurdumyzyň ösendiginden habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri we olaryň maksadyny halk köpçüligine ýetirmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri giňişleýin düşündirmek syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň baş maksadydyr. Edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi we ýaşlara mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatyny düşündirmek boýunça işler ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar.

Milli demokratiýamyzy pugtalandyrmakda, ýurdumyzy ösüş ýoly bilen dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda biz ýaşlara bildirýän beýik ynamy we döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman, halkymyz bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnur Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy

"Arkadag" gazeti

19.09.2024 ý

 

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -