Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginde taryhy ähmiýete eýe bolar. Bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleri muny ynamly aýtamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen taryhy tutumlaryndan gelip çykýan wezipeleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga halkyň wekillerini işjeň hem-de giňden çekmekde Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary muňa aýdyň güwä geçýär. Konstitusion kanuna laýyklykda öz işini alyp barýan ýokary wekilçilikli edaranyň amala aşyrýan döwletli tutumlary halk bilen geňeşmek, raýatlaryň ýürek arzuwlaryny we tekliplerini seljermek, şolar esasynda çözgütleri kabul etmek ýaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerimiziň täze taryhy eýýamda dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsidir.
Taryhy mejlis jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip kesgitlenilen ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmegiň, jemgyýetiň demo-kratik kadalaryny, şol sanda hukuk esaslaryny berkitmegiň döwlet syýasatymyzda baş orunda durýandygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezer.
Eziz Diýarymyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen taryhy özgertmeleriň, uzak geljegi nazarlaýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünliklere beslenmegine halk köpçüligini işjeň çekmegiň şunuň ýaly döwletli ýörelgesiniň sakasynda durýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Abadan Ýarjanowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri, şäher halk maslahatynyň agzasy
"Balkan" welaýat gazeti
05.09.2024 ý