Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — umumadamzat mirasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä giňden äşgär etmekde uly işler amala aşyrylýar. Çünki şahyr hemişe halkyň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, ýokary ahlak nusgalaryny wagyz edipdir. Watany söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň däl, eýsem, beýleki halklaryň wekilleriniň kalbyna hem ornandyr.

Her halkyň mertebesi, beýikligi, dünýä beren beýik ogul-gyzlary bilen ölçenýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan, atlary äleme belli Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Magtymguly ýaly taryhy şahsyýetler bilen bellidir.

Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre-pür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.

Soňky ýyllarda beýik şahyryň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda, rus, iňlis, arap, türk, hytaý, ýapon, rumyn, azerbaýjan, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain we beýleki dillere terjime edildi.

Häzirki döwürde Pyragynyň şygyrlary has içgin öwrenilýär. Alymlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndan onuň golýazmalaryny tapyp, ylmy esasda derňäp, halkymyza ýetirýärler. Angliýanyň muzeýinde şahyryň golýazmalarynyň tapylmagy Pyragynyň döredijiligini öwrenmek ugrunda yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ondan başga-da, Günorta Afrikadan bir ýazyjy Türkmenistana gelende Garagum çölüniň çägesini aýasynda saklap: «Magtymguly ýaly ägirdi dograny üçin men bu topraga sežde edýärin» diýipdir.

Hormatly Prezidentimiz beýik şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalar edýär. Hut şonuň üçin hem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Medeniýet we sungat bolsa edebiýatdan üzňe däldir. Edebiýatdan halkyň taryhyny, şu gününi, milli medeniýetiň we sungatyň ösüşini öwrenip bolýar. Bu babatda nusgawy şahyrlaryň eserleri özbaşyna bir mekdepdir. Olaryň goşgularynda hiç haçan könelmejek, öçmejek terbiýeçilik sapaklary bar.

Munuň şeýledigine ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny gaýtalap-gaýtalap öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris. Her gezek täzeden okanymyzda onuň täzeçilligini we terbiýeçilik ähmiýetini duýýarys. Şonuň üçin şahyryň eserlerini täzeçe röwüşde öwrenmek dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär.

Beýik akyldaryň öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde edebi çeşme bolup durýar. Şahyryň eserleriniň içinden watançylyk, il-ýurt, dost-doganlyk, wepalylyk, ynsan terbiýesi, halal hem arassa zähmet, tebigat we beýleki temalar eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen durmuşynyň köp taraplary juda giňden şöhlelenýär. Ýaşuly nesliň wekilleri Magtymguly Pyragynyň eserleri hakynda gürrüň edenlerinde: «Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok» diýmegi gowy görýärler. Bu sözler howaýy bir aýdylan zat bolman, hakykata juda ýakyn. Şahyr öz ýaşan döwrüniň durmuşyna degişli ähli meselelere sesini goşýar.

Gündogaryň görnükli filosofy we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasynyň, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini has çuň açyp görkezmek, giň köpçülige ýaýmak maksady bilen dürli söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler, maslahatlar, medeni, aýdym-sazly we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olarda şahyryň ömri we döredijiligi dogrusynda buýsançly gürrüňler edilýär.

Bu gün ykbaly göterilen halkymyzy dünýä tanaýar. Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrülen Magtymguly Pyragynyň: «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýip, arzuwlan zamanasynda ýaşaýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň diňe türkmen halkynyň däl, tutuş adamzadyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

12.09.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti