Mizemezligiň berk sütüni

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen günlerinden Türkmenistan köpugurly ösüşleriň, beýik özgertmeleriň ýoluna düşendigini bütin dünýä aýan etdi.

«Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip, täze döwrüň rowaç menzillerine nurlandyrjak gudratyň ylymdygyny, ýagny döwletimiziň geljekki ösüş depgininiň bilimli, ylymly nesillere bagly boljakdygyny aýdan Gahryman Arkadagymyzyň ilkinji gol çeken resminamalary-da bilim ulgamyny düýpli özgertmek, üýtgedip guramak hakynda boldy. Şu jähetden, alym Arkadagymyz bilim, ylym ulgamynda geçirýän her bir özgerişligini halkymyzyň şu gününiň hem-de ertiriniň has-da röwşen bolmagyna, ýurdumyzyň dünýäde güýçli döwletleriň birine öwrülmegine gönükdirdi. Şeýlelikde, bu günki gün bilim, ylym döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmäge, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge, şeýle hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi ylym esasynda ösýän, innowasiýalaryň ýurduna öwürmek üçin hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly hem-de maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýandygyny bellemek gerek. Bagtyýar nesillerimiziň çagalykdan bilimler dünýäsine aralaşmagy, soňra bolsa ylymlar köşgüne, il-ýurt ähmiýetli açyşlaryň älemine gadam goýmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Körpelere başlangyç sowady öwretmekde zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglary, häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri çagalaryň dünýä derejesinde pikirlenip bilýän, giň gözýetimli, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy toýlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň ulanmaga berilmegi durnukly ösýän döwletimiziň gurmak, döretmek mümkinçilikleriniň ummasyzdygyna ynamy artdyrýar.

Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

14.09.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti