Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň, etrabyň polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we harby gullukçylaryň arasynda «Ak ýollar abadan bolsun!» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Çärelerde çykyş edenler ýurdumyzda geçirilýän biraýlygyň ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi, awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Şamyrat Akmämmedow, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

14.09.2023 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti