Taryhy ähmiýetli nusgalyk mekdep

Naýbaşy baýramymyzyň barha ýakynlaşýan günlerinde bolup geçýän şanly wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy hem şeýle wakalaryň hataryny artdyrdy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Milli Liderimiz bu umumy sapagy ýurdumyzyň bagtyýar okuwçy hem-de talyp ýaşlarynyň öňünde geçenem bolsa, onuň tutuş jemgyýetimizde uly seslenme döredendigi, ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdep bolandygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa ýurdumyzyň çar künjeginde dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmaklarynda bu taryhy waka bagyşlanyp, «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly dabaraly maslahatlaryň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Watany, halky söýmegiň, onuň abraýyny arşa götermek üçin zähmet çekmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň söýgi-buýsanjynyň egsilmezdigine şol dabaraly maslahatlarda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Milli Liderimiziň taryhy umumy sapagynyň ähmiýeti baradaky buýsançly söhbetler biziň geçirýän maslahatlarymyzyň, duşuşyklarymyzyň, wagyz-nesihat çärelerimiziň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Olarda çykyş edýän ýaşlar özleri hakynda edýän atalyk aladasy hem-de berýän nesihatlary, öwüt-ündewleri üçin Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Akmämmet Şirmämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

21.09.2023 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Magtymguly etrap komiteti