Döwletiň berkararlygy — halkyň bagtyýarlygy

Ajaýyp döwrümizde bedew batly ösüşler bilen öňe barýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybirligiň nusgasyny görkezip, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýar. Tutuş ýurdumyzda şöhratly baýramyň şanyna ulanylmaga berilýän hem-de düýbi tutulýan il-ýurt, döwlet bähbitli, halkara ähmiýetli desgalaryň, ymaratlaryň hatary barha artýar. Munuň özi ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ösüş depginleriniň has-da ilerleýändiginiň, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan düýpli özgertmeler bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde täze rowaçlyklara beslenip, iňňän uly taryhy ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüp-özgerýän oba-şäherlerimiz, ykdysady üstünliklerimiz, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýe bolan at-abraýy, uly gurluşyklar, halkara ähmiýetli täze ýollar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrylýan işleriň hemmesi döwlet Baştutanymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň miweleridir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda asuda, parahat durmuşyň höküm sürýändigine, Watanymyzyň kuwwatynyň has-da artýandygyna buýsanýan halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlary egsilmezdir.

Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

21.09.2023 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Esenguly etrap komiteti