Milli mukaddeslik

1991-nji ýylyň altyn güýzünde gazanylan Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde giňden dabaralandyrmagyna ýardam eden mukaddeslikdir. Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä bileleşigine aýan etmäge mümkinçilik gazandy. Halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ilkinji binýadyny goýdy.

Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen ýurdumyz daşary syýasatda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik aldy. Döwletimiziň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer syýasaty bitaraplyk ýörelgesinde öz beýanyny tapdy.

Halkara giňişlikde maksatlaryny beýan edip, öz ornuny berkiden döwlet üçin ykdysady özgertmeleri geçirmek, ýurduň içerki ösüşini üpjün etmek möhüm wezipeler bolup durýar. Ykdysadyýet ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin edilen tagallalar Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň şertlerine geçmäge mümkinçilik döretdi. Halkyň milli ýörelgelerinden, aňyýetinden ugur alyp, ewolýusion esasda amala aşyrylýan bazar ykdysadyýeti boýunça özgertmeler öz oňyn netijelerini berdi. Garaşsyzlyk türkmen ykdysadyýetiniň galkynyşlarynyň gözbaşyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny yzygider kämilleşdirmek meseleleri hemişe aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu bolsa döwrebap şäherlerimiziň we nusgalyk obalarymyzyň ilaty üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň has-da giň gerime eýe bolmagy bilen, her ýylda maşgalalaryň müňlerçesi ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ornuny pugtalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň möhüm binýadydyr.

Bu beýik we çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň ykbalyna şamçyrag bolan nurana Güneşdir, arzuwdyr maksatlary hasyl edýän gudratdyr. Şu günüň ýaňy, bagtly ertirleriň buşlukçysydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny giňden dabaralandyrýan, altyn güýzüň şu şanly günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede bellenilip geçiriljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna ykjam taýýarlyk görülýär.

TDP-niň etrap komitetiniň wekilleri beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy giňden wagyz edýärler we onuň ähmiýetini düşündirýärler. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän günübirin täzelikleri, şanly wakalary, hoş habarlary halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirýärler. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän adamlaryň arasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler we bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşy dogrusynda buýsançly gürrüň edilýär.

Goý, türkmen halkynyň Garaşsyzlyk bagty öz miwelerini hemişe sahylyk bilen eçilsin! Garaşsyzlyk gudraty döwletimizi mundan beýläk hem şan-şöhrata beslesin! Döwletimiziň hem jemgyýetimiziň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

21.09.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti