Pyragy — parasatyň şamçyragy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Dünýä edebiýatynyň öçmejek ýyldyzy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde saklanýandygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň beýik eserleriniň giňden wagyz edilmelidigi hem-de türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde Magtymguly Pyragynyň wasp edilmeginiň möhümdigi barada aýtdy. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ajaýyp zamanamyzda dünýä edebiýatynyň gymmatlygyna öwrüldi, dana şahyrymyzyň goşgulary ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Karary esasynda 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllygy uly dabaralar bilen belleniler. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy mukaddes Garaşsyzlygymyza baýramçylyk sowgady bolup, bütin halkymyzy begendirdi. Bu goşgy halkyň ýürek owazy hökmünde göwünlere ganat bagladýar.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy Gahryman Arkadagymyzyň köňlünden hem döredijiliginden syzylyp çykan we şygryýet älemine ýapylan bahasyz serpaýdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi hem-de bu ýerde akyldar şahyryň adyny göterýän ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy tutuş türkmen halkynyň öz ägirtlerine goýýan beýik hormatynyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täze-täze üstünliklere beslenýär. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinde ady äleme dolan söz ussady Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilendigi hakyndaky hoş habar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy arkaly türkmen halkynyň dünýä medeniýetine ägirt uly goşandynyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parasatly döwlet syýasatymyzyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşleriň ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragy dünýä çykýar, bu günki gün Magtymguly Pyragy bilen döwletimiziň abraý-mertebesi dünýä ýaýylýar.

Şeker Garýagdyýewa, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň maliýe-hojalyk bölüminiň maslahatçysy

“Aşgabat” gazeti

05.10.2023 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -