Döwrümizi beýgeldýän şanly wakalar

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, düýpli özgertmeler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmaklarynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şan-şöhratly wakalaryň hatarynda mynasyp orun eýeledi we onda kabul edilen çözgütler halkymyzyň bähbidiniň döwlet syýasatynda hemişe esasy orundadygyny nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Ählihalk forumynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyş etmegi bagtyýar halkymyzy çäksiz buýsanja beslän waka bolup, bu taryhy çykyşlarda ýurdumyzyň şu güni we geljegi, ösüşli ýolumyzyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün etmek bilen bagly wezipelere aýratyn üns çekildi. Bu bolsa il agzybir, ýurt parahat bolanda, ýetilmejek menziliň ýokdugynyň güwäsidir.

Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzyň erk-islegi bilen Türkmenistanyň Gahrymany  diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimize döwlet sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny täze taryhymyzyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Elbetde, şeýle wakalaryň döwrümizi beýgeldýändigi, kalplardaky buýsanjy artdyrýandygy ajaýyp we mizemez hakykatdyr.

Aýjemal Ýagşymämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

05.10.2023 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -