Hemişelik baş maksat

Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak maksady bilen, uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberdik. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesini gönükdirdik» diýip belledi.

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we welaýatlarda döwrebap binagärlik ülňüleri esasynda gurlup, häzirki zaman öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany yzygiderli artýar. Şu ýylda paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy we olaryň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle-de ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bulardan başga-da, täze «akylly» Arkadag şäherindäki Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, 350 orunlyk Köpugurly hassahana, şeýle hem «Tiz kömek» merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem-de 150 orunlyk Onkologiýa merkezi halkymyzyň saglygy barada aladanyň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda saglyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnamada görkezilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy we saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşdirildi.

Döwletimiziň saglyk ulgamynda gazanylan ösüşleriň tutuş dünýäde ykrar edilýändigini ýurdumyza berlen degişli güwänamalar hem tassyklaýar. Ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi, unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylýandygy barada halkara resminamalara eýe bolundy. Mundan başga-da, ýurdumyz çilimkeşlige garşy göreşe goşan ägirt uly goşandy üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýadygärlik medalyna we Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Gazanylan üstünlikler bilen bilelikde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy, «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi hem-de bu ugurlarda uly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly monografiýasy, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ylmy kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Olar okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alnyp, saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup durýar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatlarda çagalara çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirilýär. Täze «akylly» Arkadag şäherinde bu gaznanyň sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylmagy bolsa halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň komitetleriniň, ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary geçirilýän her bir çärede ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanylan ösüşler hem-de ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin durup geçýärler. Bu ugurdaky tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atlaryny alkyşlara besleýärler.

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

10.10.2023 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -