Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

Tolgundyryjy pursat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli aladalaryny halkyna bagyş edýän hormatly Prezidentimize elmydama alkyşymyz çäksizdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly toýuny türkmen halky agzybirlikde belläp geçdi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň baýramy meniň üçin goşa baýram boldy. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna eýe bolmak bagty miýesser etdi.

Çekýän zähmetimize şeýle uly baha berýän mähriban Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşym çäksizdir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde taryhy ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň gözli şaýady bolýarys. Olary halkymyza ýetirmekde ähli tagallalary ederis.

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt, bütin adamzat bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy. Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

12.10.2023 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti