Beýik işlere buýsanýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Güneşli diýarymyzyň merjen paýtagtynda, Arkadag şäherinde hem-de sebitlerinde alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işler ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine oňyn täsirini ýetirip, il-günümizde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky şöhratly wakalaryň hatarynda agzamak ýakymly. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol taryhy mejlisdäki çykyşynda: «Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip bellemek bilen, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslarynyň we usullarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda milli maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi ösüş-özgertmeli döwrümizde ýaşlar syýasatynyň barha rowaçlanyp, ýaş nesliň aýratyn üns-alada bilen gurşalandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen bagly buýsançly söhbetler wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Goý, Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda dünýä nusgalyk beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwançmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

18.10.2023 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Tejen etrap komiteti