Geljegi görkana giňişleýin gatnaşyklar

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen ýola goýlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän daşary syýasat netijesinde dünýä ýurtlaryna uzaýan dostluk ýollarymyz barha gülzarlyga beslenýär. Şol ýollaryň biri-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dostlukly halkyna sary alyp barýar.

Türkmenistan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, Ýewropa bileleşiginiň, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm orun degişlidir. Germaniýanyň Türkmenistanyň teklibi bilen BMGniň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna awtordaşlyk edendigi, ýurduň kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelmek bilen, ýyllaryň dowamynda netijeli işleri alyp barýandyklary aýratyn bellärliklidir. Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi we biziň ýurdumyzda Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň guralmagy özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertini emele getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary hem döwletara gatnaşyklary berkitmekde we türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyz parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ornuň degişlidigini dostlukly ýurda iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» duşuşygynda sözlän sözünde belläp geçdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşykda energetika, logistika, senagat, infrastruktura, oba we suw hojalygy, hususy pudak, «ýaşyl» ykdysadyýet we bilelikdäki işiň geljegi uly beýleki ugurlary hakda durup geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda kesgitli teklipleri öňe sürmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ösüşli menzilleri babatda uzak möhletleýin maksatnamasynyň ählumumy bähbitleri göz öňüne tutýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Şol gatnaşyklaryň halklaryň arasyndaky medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginde durmuşa geçirilmegi galkynyşly zamanamyzyň aýratynlygyna öwrüldi. Germaniýanyň Berlin, Gamburg we Mangeým şäherlerinde gadymy Marguşyň arheologiýa sergisiniň üstünlikli geçirilendigini kanagatlanma bilen ýatlap, şeýle medeni çäräniň ikinji tapgyryny geçirmek, şonuň ýaly-da Parfiýa şalygynyň gadymy tapyndylarynyň görkezilişini-de guramak baradaky teklip Gahryman Arkadagymyzyň «Adamzadyň ruhy-ahlak, edep ýörelgelerini ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanmaga, taryp etmäge, dünýä ýaýmaga mynasypdyr» diýen ýörelgä öwrülen sözleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşygynyň barşynda beýleki möhüm ugurlar bilen bir hatarda medeni gatnaşyklary geljekde-de dowam etdirmek, Gýote merkezi, «DAAD», «PAŞ» we «PAD» maksatnamalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada aýratyn durlup geçilmegi halklaryň arasyndaky ruhy baglanyşygyň Türkmenistanyň häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynda özboluşly sazlaýjy bolup hyzmat edýändigini ýene bir ýola dünýä äşgär etdi. Munuň özi iki dostlukly halkyň wekillerinde diýseň uly täsir galdyrýandygyny aýratyn belläp geçesimiz gelýär. Ýagny 2020-nji ýylyň ýanwarynda ýurdumyza döredijilik iş sapary bilen gelende, Berlin şäheriniň «Gadymy we irki taryh» muzeýiniň direktorynyň orunbasary Anton Gassyň «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly serginiň eksponatlarynyň diňe bir nemes halkynda däl, eýsem, sergä baryp gören dürli ýurtlardan gelen myhmanlarda uly täsir galdyrandygynyň şaýady bolmak bize-de miýesser edipdi.

Hawa, halkymyzda döwletli ynsanlaryň her ädiminiň rysgal-bereket getirýändigi barada ynam bar. Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna döwletli gadamlary hem halkymyzyň rysgal-döwletini has-da artdyrar. Şeýle diýmäge milli Liderimiziň dostlukly ýurda iş saparynyň dowamynda geçirilen dürli ugurlardaky duşuşyklar doly esas berýär.

Maýa Ataýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçysy

"Edebiýat we sungat" gazeti

06.10.2023 ý

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -