Döwletlilik ýörelgeleriniň rowaçlanýan eýýamy

Ata Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi berkarar ýurdumyzy ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk derejede ösdürmek, zähmetsöýer we agzybir halkymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek babatda taryhy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen döwletiniň iň täze taryhyna zer harplar bilen ýazylan bu mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şonuň ýaly-da medeni-durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň belent wezipeleri kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy mejlisdäki çuň many-mazmunly çykyşynda: «Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir»  diýip nygtamagy biziň buýsançly başlarymyzy hasam belende göterdi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hakykatdan-da, taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, juda gysga döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, medeni-durmuş ulgamlarynyň durnukly ösüşi, özümizde öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy gazanyldy. Tebigy baýlyklarymyzy hem-de ykdysadyýet babatda öňdebaryjy dünýä tejribelerini oýlanyşykly we netijeli ulanyp, eziz Diýarymyz bu gün bedew batly ösüşlere eýe bolýan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini sazlaşykly alyp gitmäge hemişe aýratyn ähmiýet berýär. ªoňa görä-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýmek bilen, ýaşlara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hereketlendiriji güýji hökmünde garaýandygyny aýratyn nygtady. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň ilkinji guramalaryndaky agzalarynyň 20 göterimine barabarynyň ýaşlardygy bizi has-da buýsandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň şu taryhy mejlisde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir». Munuň özi durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy, abadan we bagtyýar durmuşymyzy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda buýsançly netijeleriň gazanylýandygyny beýan edýär. Bu oňyn netijeler jemgyýetde her bir adamyň gujur-gaýratyny, intellektual mümkinçiliklerini döredijilikli ugra gönükdirmegiň, adam mertebesine uly sarpa goýmagyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, hukuklaryň we borçlaryň berjaý edilmeginiň, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmeginiň hasabyna gazanylýar. Halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegini, eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň artmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň belent ynamy ýurdumyzyň raýatlaryny döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ynsanperwerlige ýugrulan syýasatyň yzygiderli alnyp barylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyzy, sylag-sarpamyzy, söýgimizi has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ýurdumyzy ähli taraplaýyn okgunly ösdürmäge, il-ulsumyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň ählihalk ykrarnamasy bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ähli watandaşlarymyza minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini aýdanda, biziň buýsançly başlarymyz ýene bir mertebe belende göterildi. Biziň şeýle berkarar döwletiň raýatlarydygymyza buýsanjymyzyň çägi ýokdur.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, onuň ilkinji guramalary we olaryň işjeň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çuň many-mazmunly, ýagty ertirleri nazarlaýan maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan belent wezipeleri halk köpçüligine giňden wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp barýarlar.

Merdana halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

19.10.2023 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -