Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny kämil dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny pugtalandyrmak parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwletimizde amala aşyrylýan her bir tutumly işleriň halk bilen maslahatlaşylyp, sala salşyp edilmegi döwletlilik ýörelgelerimize goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşan. Şeýle maslahatlaryň halkyň wekilleri bilen bilelikde geçirilmeginiň jemgyýetçilik ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirendigine taryhy tejribeler şaýatlyk edýär. Bu hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür» diýip, aýratyn belläp geçdi. Hakykatdan hem, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän asylly başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk ulgamlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň işi halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda has-da kämilleşýär, demokratik tejribe artýar, jemgyýetiň işjeňligi ýokarlanýar.

Her bir jemgyýetiň öz durmuş aýratynlygy bar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlap bilen bolsa, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly we ünsli garaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi jemgyýetçilik ösüşiniň ýeke-täk maksadyna, ýagny adam hakdaky alada gönükdirilýär.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän ýurdumyzda adam mertebesi, raýatyň we jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek döwletimiziň döwrebap ösüşiniň baş maksadydyr. Demokratik döwlet gurmagyň milli nusgasyny saýlap almagymyz bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda nesil dowamatynyň, döwrümiziň döwletlilik ýörelgesi bilen baglanyşyklydygyny alamatlandyrýar.

Biz — ýaş hünärmenleri zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasatyny mäkäm goldap, ýurdumyzdaky ähli özgerişleri halkyň hem ýaş nesilleriň arasynda wagyz-nesihat etmek mukaddes borjumyzdyr.

Goý, ýurdumyzy ösüşiň menzillerine alyp barýan, biz — ýaşlary ak ýollara atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Orazgül Pygamowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy

"Arkadag" gazeti

26.10.2023 ý

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -