Beýik işler bilen şöhratlanýan döwür

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleriniň döwrümiziň, durmuşymyzyň ajaýyp hakykatydygy hemmeler tarapyndan ykrar edilendir.

Täze eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň eşretli durmuşynyň, Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren taryhy tutumlarynyň dowamat-dowam bolmagyny gazanmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, Watanymyza, hormatly Prezidentimize, döwrümize bolan söýgi--buýsanjy has-da belent derejelere göterýär. Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde halkyň erk-isleginiň esasynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşyndan görnüşi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede durnukly saklanýar. Üstümizdäki ýylda önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar we bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Şäherler, şäherçeler, obalar özgerdilip, ýaşaýyş jaý toplumlary giň gerimde bina edilýär.

Ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleri we görnüşleri barha artyp, ol depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalary bar. Şoňa görä-de, uzak möhletleýin döwürde maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugurdaky şertleri yzygiderli gowulandyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin zerur işler alnyp barylýar.

Elbetde, bu görkezijiler türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Baş maksatlary Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Bu maksatnamalaryň giň gerimde amala aşyrylmagyna goşant goşmak her bir türkmenistanlynyň borjudyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen halkymyzyň bu borja abraý bilen hötde geljekdigini bolsa, şu günki ösüşlerimiz bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Berdimyrat Nyýazdurdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

26.10.2023 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti