Ekologiýa abadançylygyna goşant

Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de bütindünýä we sebit forumlarynyň çäklerinde tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak ýaly derwaýys meseleler boýunça başlangyçlaryny doly goldaýar.

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar.

Derýalaryň we akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, Garagumuň merkezinde ýerleşen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürendi. Aral sebitinde topragyň zaýalanmagynyň hem-de çölleşmäniň öňüni almak maksady bilen, Sarygamyş kölüniň kenarynda, Bötendag baýyrlygynyň töweregindäki 20 müň gektar meýdanda ägirt uly tokaý zolaklary döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz gymmatly milli baýlygymyz bolan gözel tebigatymyzy goramaga, geljekki nesillerimize miras galdyrmaga giň ilat köpçüliginiň, esasan hem, ýaş nesliň aňynda ekologiýa medeniýetini, ene topragyň barça tebigy baýlyklaryndan oýlanyşykly peýdalanmak, goramak endigini terbiýelemäge, dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa, durnukly ösüş meselelerinde jebis hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn uly ähmiýet berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty barada aýratyn belläp geçdi. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde degişli ugur boýunça ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy bu aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda kabul edilen çözgüt bu ugurdaky üstünliklerimiziň üstüni ýetirdi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary girizildi. Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň dünýäniň durnukly ekologiýa ösüşine goşýan goşandydyr.

Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

02.11.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti