Bitarap Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetdäki agzybirligi we parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bu günki gün taryhy çözgütleriň halkyň ykbalyna edýän kesgitli täsirlerinden habar berýär. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasy boldy. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň döwletli ýörelgelerimizden gözbaş alýar.
Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 28 ýylynyň dowamynda parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Bu ýetilen belent derejeleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kämil türkmen döwletini, ösen düşünjeli jemgyýeti kemala getirmek üçin gije-gündiz edýän taýsyz tagallalary durýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün hoşniýetli dostana gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyklar üçin gapylaryny dünýä giňden açýar.
Türkmenistan Bitaraplygyň hukuk ýagdaýyna esaslanyp, baş maksady dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bolan BMG-niň başlangyçlaryna işjeň goşulyşýar.
Goý, bütin adamzadyň ykbalyna dahylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
14.12.2023 ý