1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde guramanyň şol wagtky agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan ykrar etmeginde hemişelik bitaraplyk derejesiniň berilmegi we onuň taryhy Kararnama bilen berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» barada Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolany bäri Türkmenistana parahatçylygyň goragynda durýan, zemin asudalygynyň bähbidine ylalaşyklaryň gazanylýan ýurdy hökmünde garalýar.
Mundan 28 ýyl ozal ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň esaslaryny goýdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi hoşniýetli gatnaşyklary ýol-ýörelge edinýän şu günümizdir we ösüşli geljegimizdir. Onda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlaryny öz içine alýan döredijilik başlangyçlar jemlenýär.
Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda parahatçylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär.
2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu resminama ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny we bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwrüň gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde oňyn orun eýeleýändigini aňladýar.
Paýtagtymyzda iri halkara maslahatlardyr duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, goňşy döwletler bilen özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzda üstaşyr-ulag kommunikasiýalarynyň sebitara ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly taryhy işler durmuşa geçirildi.
2023-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Bütindünýä durnukly ulag güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçildi.
Eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz berkarar döwlet gurmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Asylly başlangyçlary we beýik işleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şeker Garýagdyýewa, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy
“Watan” gazeti
12.12.2023 ý