Işjeňligiň döwrebap nusgasy

Döwlet bilen jemgyýetiň berk sazlaşygy demokratik ösüşiň esasy binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynyň hatyrasyna jemgyýetde wagyz-nesihat, terbiýeçilik we ideologiýa işini alyp barmakda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna we beýleki jemgyýetçilik guramalaryna Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzda Garaşsyzlygyň gazanylan ilkinji günlerinde döredilen syýasy guramadyr. Demokratik partiýa ynsanperwerligiň hem adalatlylygyň berkarar bolmagyny, ýurduň gülläp ösmegini, adamlaryň düşünjeliliginiň, zähmet we jemgyýetçilik işeňňirliginiň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary, beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşikler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barýar.

TDP-niň welaýat, etrap we şäher komitetleri tarapyndan alnyp barylýan ählihalk bähbitli syýasy işleri beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramak we geçirmek indi  asylly däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ilhalar ýörelgäni öňe sürmek bilen, bu babatda dünýä nusgalyk syýasaty, görelde alarlyk oňyn işleri alyp barýar. Bu baş ýörelge  syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň halk köpçüligi bilen alyp barýan işleriniň esasy özenini düzýär.

Öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Kanuna, Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bu gün ägirt uly tutumly işleriň giňden düşündirilmegine, wagyz edilmegine, üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermegi beýleki syýasy-jemgyýetçilik guramalar we birleşikler bilen bilelikde baş wezipesi hasaplaýar.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary ajaýyp döwrümiziň ruhuna laýyklykda terbiýelemek, olarda halallygy, ruhy päkligi, ahlaklylygy, watançylygy, zähmetsöýerligi, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, köpçülikleýin sporta höwes döretmek maksady bilen, TDP-niň welaýatymyzdaky partiýa komitetleri, ilkinji partiýa guramalary düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip, bu ugurda alnyp barylýan işleri ýerli jemgyýetçilik guramalary,  häkimlikler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde ýakyn aragatnaşykda hem-de utgaşykly durmuşa geçirýärler.

Häzirki wagtda TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň düzüminde jemi 1081 sany ilkinji partiýa guramasy hereket edip, olarda 40 müňden gowrak agza hasapda durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň karary esasynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, welaýatyň ähli ilkinji partiýa guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary, şäher we etrap partiýa komitetleriniň konferensiýalary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her gezekki geçirýän maslahatlarynda we mejlislerinde berýän maslahatlaryndan, öňümizde goýýan wajyp wezipelerinden ugur alyp, TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleriniň we işjeň partiýa agzalarynyň üsti bilen hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzy ösdürip, has belent derejelere ýetirmek baradaky beýik maksatlaryny ak ýürekden goldap, hemişe jemgyýetde sazlaşdyryjy güýç bolmaga, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky ägirt uly tutumly işlerde öň hatarlarda hereket etmäge çalyşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Ýusup Öwezow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

21.12.2023 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti -