Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp netijelere, guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tamamlandy. Bu şanly ýyl Watanymyzyň ýüregi — merjen paýtagtymyz Aşgabat, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem taryhy wakalara, döwletli tutumlara baý boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde — gojaman Hazary etekläp oturan Balkan welaýatynda hem döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyryldy. Sebitiň zähmetsöýer daýhanlarynyň we beýleki önüm öndürijileriniň ene ýerden bol hasyl almak ugrundaky irginsiz hem yhlasly işleriniň netijesinde, Balkan welaýaty geçen ýyl döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdi. Welaýatyň edermen gallaçylary-da guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, ilkinjileriň hatarynda uly zähmet üstünliklerini gazandylar we Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşdular. Bugdaý ekilen meýdanlarda göwnüňi göterip, ýaşyl öwüsýän ýaş maýsalar welaýatyň zähmetkeş daýhanlarynyň geljek ýylda hem bol galla hasylyny aljakdyklaryna bolan ynamyňy artdyrýar. Beýik döwrümiziň eşretlerinden, döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän hemaýat-goldawlardan ruhlanyp, belent sepgitleri nazarlaýan merdana oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we gök-bakja ekinleri ekiljek ýerlerde hem sürüm işlerini geçirip, olary irgözinden taýýarladylar. Bu işlerde hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçilikleriniň netijesinde, daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary daýhanlarymyzyň ýakyn ýardamçylary bolýar. Şeýle giň gerimli işlerde, şäherler bilen bäsleşýän türkmen obalarynyň günsaýyn özgerýän ajaýyp keşbinde döwrüň döredijilik ruhy, täze eýýamyň galkynyşly gadamlarynyň bady aýdyň duýulýar.
Daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutup bilýän önümleri öz ýurdumyzda öndürmegi üstünlikli ýola goýmak döwlet derejesinde öňe sürülýän esasy wezipeleriň biridir. Onuň üstünlikli çözülmegi halkyň bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu gün döwlete degişli, şeýle-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarda öndürilýän harytlardyr azyk önümleri dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Bu işiň geljekde-de mynasyp dowam etdiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. Çünki bu gün ýurdumyzda önüm öndürijileriň netijeli işlemegi üçin berk binýada daýanýan hukuk resminamalary hereket edip, ähli şertler döredilendir. Diýarymyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki we hususy kärhanalarda-da bu babatda öwgä mynasyp işler durmuşa geçirilip, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi şanly ýylyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri boldy. Ýurdumyzda bolup geçýän şeýle giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy çärelere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleridir agzalary-da örän işjeň gatnaşýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny we halkyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişli. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-den gowrak agzasy-da milli ykdysadyýetimiziň günbatar sebitdäki dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen, döwletiň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk abraý-mertebesini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler.
Ata Watanymyz Türkmenistanda soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda konstitusion gurluşy döwrebaplaşdyrmak, döwlet dolandyryş ulgamyny nusgalyk derejede kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek we ösdürmek babatda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Üstünlikli dowam etdirilýän beýik özgertmeleriň her biri, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine we demokratik ýörelgelere esaslanyp amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyz hem-de baky Bitaraplygymyz halkymyzy beýik ösüşleri nazarlaýan işlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 3-nji noýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmagy, şeýle-de sanly ulgam arkaly Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň ilkinji binýadyny goýmaga, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň işe girizilmegine ak pata bermegi welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylaryny täze üstünliklere ruhlandyrdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýüreklere egsilmez buýsanç, kalplara şatlyk paýlan şeýle ajaýyp wakalary örän köp.
Halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy ugrunda şeýle giň gerimli işleri durmuşa geçirip, taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy
“Türkmenistan” gazeti
03.01.2024 ý