«Günüň gowy bolanda, wagta salym ýok» diýleni. Hormatly Prezidentimiziň teklibi, halk köpçüliginiň biragyzdan goldawy bilen, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylany ýaňy ýalydy welin, eýýäm bir ýyl geçipdir. Ýöne taryh üçin bu möhlet juda ujypsyzam bolsa, ol bize yza nazar aýlamaga, edilen işleri serimizde saldarlap görmäge mümkinçilik berýär. Özem şonda biz geçen ýyla ýöne bir wagt ölçegi hökmünde garaman, ýetilen sepgitler boýunça baha bersek, onda onuň, hakykatdan-da, asyrlara barabar beýik işlere bat beren ýyldygyna aýdyň göz ýetirýäris. Çünki 2023-nji ýylda döwlet durmuşynyň islendik ugry boýunça gazanylan üstünlikler, ýeňişli sepgitler bize şeýle diýmäge esas berýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşler gazanyldy we ykdysady kuwwatyň durnukly ýagdaýda bolmagy üpjün edildi. Bu, elbetde, hormatly Prezidentimiziň syýasy, ykdysady, maliýe we medeni ulgamlarda alyp barýan parasatly syýasatynyň netijeleridir.
Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara seretmezden, Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady, medeni, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda birgiden oňyn wakalar bolup geçdi. Olary birme-bir ýatlajak bolsak, bir makalanyň çygry darlyk eder. Ýöne şonda-da olaryň käbiri barada durup geçeliň!
«Ýyllar ýyllardan görk alýar» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly täze taryha özboluşly aýratynlygy bilen girdi. Bu ýylda ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşlara bildiren ynamy has uly boldy. Munuň özi halkymyzyň halypa-şägirtlik ýaly ajaýyp milli ýörelgesine, nusgalyk hasaplanylýan ýaşululyk mekdebine ýene-de dowamatlyk çaýdy.
Türkmenistanyň agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş etmegi hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerindäki giň mümkinçiliklerdir. Şeýle ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary bu ýylda hem üstünlikli dowam etdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäniň birnäçe döwletlerine amala aşyran iş saparlary, birnäçe daşary ýurtly döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan iş saparlary bu aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.
Türkmenistan diňe geçen ýylyň özünde dünýä ähmiýetli we umumadamzat bähbidine gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat edýän halkara forumlaryň, sammitleriň birnäçesine işjeň gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Täjigistanda geçirilen sammiti, Hytaý Halk Respublikasynda bolup geçen «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Astana sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşkent sammiti, BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Dubaý sammiti we beýlekiler bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysallarydyr. Bu günki gün ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejelere çykmagy we onuň düzümindäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz yzygiderli tagallalary edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem berkarar Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi geçen ýylda ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň we ýene-de ençeme desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ýaly guwançly wakalar ýylyň dowamyndaky ajaýyp işleriň sanyny artdyrdy. Ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi we ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi ähli ildeşlerimiziň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Ýyllaryň hatar kerweni —
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl — täze sahypasy.
Şu şygyr setirlerinde nygtalyşy ýaly, her ýyl — durmuş atly kitabyň täze sahypasy. Ýyllardan düzülen sahypalary agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup durmuşa geçirýän asylly, döwletli işleri bezeýär.
Goý, kalbymyzy ýagşy umyda we uly ynama besläp garşylan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz düşümli, bereketli ýyl bolsun! Täze ýyl bütin adamzada saglyk, parahatçylyk we ynam serpaý etsin!
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli taryhy tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Didar Osmanow TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
04.01.2023 ý