Üstünliklere beslenen ýyl

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alnyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolunda täze möhüm tapgyr boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, ýagny Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanylan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň demokratik esaslary yzygiderli ösdürilýär. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda agzybirlikde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň demokratik saýlawlary ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy boldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly işleriň netijesinde medeni mirasymyzy öwrenmek, ony goramak, wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralarynyň sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklibiň bolmagy hem halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. 2022-nji ýylda bolsa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Bu günki gün ýaşlar Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk namalary we ýörite halkara resminamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde örän uly işler alnyp barylýar.Geljekde-de has amatly şertleri döretmek üçin zerur işler göz önünde tutulýar. Geçen ýylyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda paýtagtymyzda ýaşlar ýylynyň jemine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň we serginiň guralmagy tutuş halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalary we işjeň agzalary eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wagyz etmekde dürli çäreleri, duşuşyklary, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýärler. Olarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, ynsanperwer syýasaty barada giňişleýin gürrüňler edilip, täze — 2024-nji ýylyň hem üstünliklere beslenjekdigini ynam bilen aýdýarlar. Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

06.01.2024 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -