Döwrüň bedew batly ösüşleri bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze üstünlikler, rowaçlyklar bilen has-da öňe ilerleýär. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň garaýyşlara hem-de gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm orna eýe boldy, bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji ajaýyp eseriniň hem şol ýylyň şatlykly pursatlarynda çap edilmegi ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabyň «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýen bölüminde: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar» diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem, beýik işler halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumlardyr. Her bir ynsan Watana bolan söýgüsi bilen durmuşyň täze belentliklerine, üstünliklere ýetip biler. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda belläp geçýän pikirleri bu günki bagtyýar ýaşlaryň ýol-ýörelgesine öwrülmelidir. Watana bolan söýgiň öý-ojagyňa, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlara bolan garaýşyň bilen kesgitlenilýär. Çünki her bir adam jemgyýet bilen gatnaşykda özüniň ukyp-başarnygyny, pikir-garaýşyny kämilleşdirip bilýär. Belent ynama, mukaddes borja ygrarly ýaşlaryň bu ajaýyp jümleden many çykaryp, özleriniň beýik geljegini ata Watanyň ykbaly bilen baglajakdygyna hormatly Prezidentimiz berk ynanýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar ata Watanymyzyň beýik geljegidir» diýen parasatly sözlerinde hem aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygy ündelýär. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilime bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa geljegiň bilimli, ylymly ýaşlara bagly boljakdygyny alamatlandyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz hemişe bilime, ylma teşne adamlar bolmalydyr. Bu beýik garaýyş täze taryhy eýýamda ýaşlaryň durmuş ýörelgesiniň gözbaşynda durmalydyr. Şeýle gymmatly pikirleri bilen kalplarda ak arzuwlary oýarýan, beýik geljege bolan ynamy berkidýän çuň manyly eseri halkymyza sowgat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
18.01.2024 ý