Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çeper döredijilige uly sarpa goýulýar. Gündogaryň akyldary hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna barylýan günlerde çeper döredijilige aýratyn uly ähmiýet berilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň giňden öwrenilmegine giň mümkinçilikler açylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýazmak bilen adam gowy zada ymtylýar, ony aňynda aýlaýar. Şeýdibem taryhy hakykaty göz öňünde janlandyryp bilýär» diýip belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ýazmagyň, döretmegiň ynsana täze pikirleri, täze bir ajaýyp dünýäni bagyşlaýandygyny nygtaýar. Kitapda: «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýip bellenilişi ýaly, okamak, ýazmak, döretmek ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini ösdürýär. Bu beýik taglymat taryhy döwrümiziň bagtyýar ýaşlary üçin durmuş ýörelgesi bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň döredijilik dünýäsine aralaşyp, kämil dünýägaraýyşly bolmagy babatynda edýän aladalary, durmuşa geçirýän tutumly işleri olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we olaryň taýýarlan taslama işleriniň sergisiniň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ýaşlar döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň güýç-kuwwatynyň, abraý-mertebesiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň taryhy ýylda ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglap, olaryň alyp baran işlerine ýokary baha bermegi bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegine bolan ynamyny artdyrdy, täze üstünliklere ruhlandyrdy.
«Yhlasa — myrat» diýen halk pähimine uýmaklary bu günki gün ýaşlaryň netijeli zähmet çekmegine, her bir işe jogapkärçilikli çemeleşmegine hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine ýardam edýär. Ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň dowamynda olaryň uly toparynyň hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanylmagy, şanly ýyla gadam basylýan toýly günlerde bagtyýar ýaşlar üçin goşa şatlyga öwrüldi.
Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar hem döredijilikli ösüşleriň öňe ilerlemegine ýardam edýär. Beýik maksada, belent sepgide ýetmek üçin bolsa ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýaty döredijilikli zähmetini gaýgyrmaýar. Halkymyzyň bagtyýar hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
25.01.2024 ý