Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi täze ýylyň bosagasynda her bir türkmenistanlyny begendiren, buýsandyran şanly wakalar bolup, kalplarda müdimilik orun aldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri, Diýarymyzyň ösüşlerine goşýan mynasyp goşantlary barada buýsançly söhbet edilýän ajaýyp kitabyny okap çykanyňdan soňra, Watan, il-gün üçin zähmet çekmegiň, halkyň ýüreginde ýer etmegiň beýik mekdebini geçen ýaly duýgular kalbyňy gurşap alýar. Ajaýyp eserde Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgularyna salgylanylmagy bolsa, beýik şahyrymyzyň hormatyna atlandyrylan üstümizdäki ýylyň bosagasynda elimize gowşan bu ajaýyp eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.
Elbetde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy — ähli döwürlerde hem belent hormat-sarpanyň eýesi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol hormat-sarpanyň has uly belentliklere göterilendigini nygtasak, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamalary bolup durýar. Ýylyň şygary hökmünde akyldar şahyrymyzyň şanyna Gahryman Arkadagymyzyň goşgusynyň adynyň alynmagy bolsa, buýsanja besleýän ajaýyplykdyr.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, Gumdag, Hazar şäherçelerinde bu şanly wakalar mynasybetli geçiren wagyz-nesihat çärelerinde edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmeginiň, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň raýatlarda çäksiz buýsanç we hoşallyk duýgularyny döredendigine aýdyň göz ýetirdik. Beýik akyldarymyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak, şan-şöhratyny has-da beýgeltmek üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleriniň şol çykyşlaryň özenini düzendigini aýtmak bolsa aýratyn ýakymlydyr.
Nurbibi Dädebaýewa, TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.