Köneürgenç etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri gyş paslynyň häzirki döwründe her bir güni netijeli peýdalanyp, geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilip, kadaly gögeriş alnan 1450 gektar meýdanda bugdaýyň ideginiň möwsümleýin çärelerini berjaý etmekde gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olar ýerli dökünleri taýýarlamak, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň kömegi bilen atyzlara sepmek, şonuň ýaly-da ýap-salmalary arassalamak ýaly işleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Bu çäreleriň daýhan birleşiginiň Serdar Toýlyýew, Dowly Dolanow, Gurbangeldi Arazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4, 9, 10-njy kärendeçiler toparlarynda has-da öndürijilikli barýandygyny bellemek bolar. Kärendeçi daýhanlara tehniki ýardam bermekde mehanizatorlar Begmyrat Gylyjow, Akmyrat Bekdurdyýew, Bagtybaý Arazow dagy oňat görelde görkezýärler. Hojalykda amala aşyrylýan şeýle giň gerimli işler şu ýyl Watan harmanyna 2900 tonna ýokary hilli bugdaý tabşyrmak barada kabul edilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigine güwä geçýär.
Gurbannepes TÄÇMEDOW, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
01.02.2024 ý