Şu günki üstünlikler — beýik geljegiň buşlukçysy

Döwleti, jemgyýeti dolandyrmakdaky her bir başlangyç üstünliklere ýetmegiň badalgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalaryny ilerletmegiň esasy şerti möhüm başlangyçlar bilen hereketleri, işleri has çaltlandyrmakdyr. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn ösüşiň her bir ugry boýunça zerur başlangyçlary öňe sürýär.

Başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolsa döwletiň, jemgyýetiň mümkinçiliklerini, döwrüň talaplaryny, durmuşyň hakyky ýagdaýlaryny göz öňünde tutmakdan ybaratdyr. Bu babatda biziň ýurdumyzda anyk, dürs hereket edýän döwlet we hususy düzümleriň işini kämilleşdirmekde yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Ähli ugurlardaky ösüş hereketleri kanunçylyk, hukuk taýdan esaslandyrylýar. Döwletiň dolandyryş we ýerine ýetiriji düzümlerine dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly köp işler durmuşa geçirilýär. Milli hünärmenleriň ösen ýurtlarda hünärini kämilleşdirmekleri we usulyýet tejribelerini öwrenmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Çünki dünýäde okgunly häsiýete eýe bolýan ylmy-tehnologik täzeçillikler ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek işini elmydama üns merkezinde saklamagy talap edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwrebap, möhüm başlangyçlarynyň esasynda döwrüň ähli täzeçilliklerini dessin özleşdirmäge, iş ýüzünde ulanmaga ukyply hünärmenleriň täze nesli ösüp ýetişdi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda 2023-nji ýylda geçirilen çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklarynyň ýokarydygy, belent watançylyk ruhy has aýdyň ýüze çykdy. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän bilim, ýaşlar syýasatynyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça hereketleriň, ykdysady, medeni-ynsanperwer özgertmeleriň diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň durmuşyny düýpli özgerdendigini ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, ähli ugurlarda özgerişleriň çaltlaşandygy äşgär görkezýär.

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzyň bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly başlangyjy öz wagtynda öňe sürendigini häzirki döwrüň ýagdaýlary doly subut edýär. Şol başlangyç esasynda milli bilim-ylym ulgamy döwrebap ösüş ýoluna düşdi. Esasan-da, ylym ulgamy durmuş-ykdysady ösüşleri ilerletmekde öz ornuny giňeldip başlady. Maglumatlara görä, diňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna gönükdirilipdir. Oýlap tapyşlaryň ençemesine patentler berlipdir.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ägirt uly we örän ähmiýetli taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäherine sanly ulgamy ornaşdyrmaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň öz taslamalary bilen gatnaşmaklary milli ylym ulgamynyň binýadynyň döwrüň ösüşlerine laýyk has-da pugtalanýandygyny, mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär. Şoňa görä-de, bilim-ylym ulgamyndaky möhüm başlangyçlary ähli ösüşlerimiziň esasy itergi beriji güýji hasap etmek mümkin. Bu ugurda döwletimiziň kuwwatly ösüşlere eýedigini hil taýdan çalt depginde özgerýän bilim ulgamy hem subut edýär. Statistiki maglumatlara görä, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2007-nji ýylda 17 müň töweregi talyp bilim alan bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 70 müňe golaýlapdyr.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ösüşleri ilerletmekde döwrüň talap edýän şertleri barada: «Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şoňa görä-de, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar» diýip belläpdi. Bilimiň deslapky tapgyrynyň hil derejesi bolsa ylym ulgamyny ösdürmegiň esasy şertidir.

* * *

Ösen durmuşyň esasy görkezijileriniň biriniň halkyň hal-ýagdaýy, ýokary ýaşaýyş şertleri bolup durýandygy mälimdir. Bu babatda biziň ýurdumyzda köp öňegidişlikler gazanyldy. Türkmenistan azyk howpsuzlygy meselesini üstünlikli çözmegi başaran ýurtdur. Haryt bolçulygyny döretmek, halkyň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, içerki bazar üçin öndürilýän önümleriň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň söwda-üpjünçilik ulgamy, senagatyň, oba hojalygynyň önümçilik pudaklary, önümleri gaýtadan işleýän düzümler dünýä ülňülerine laýyk ösdürildi. Döwletimizde daşyndan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi, bäsdeşlige ukyply eksport harytlaryny öndürmegi giňeltmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar bu günki gün halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna şert döretdi.

Köp ugurlarda ýetilen sepgitler Türkmenistany tiz ösýän ýurtlaryň derejesine ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde ösen döwleti alamatlandyrýan şertleriň özgerýändigini, onuň köp halatda intellektual ösüş bilen baglanyşdyrylýandygyny bellemeli. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary hut ösen döwrüň şertlerine gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip belleýär we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarylýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri bilen önümçilik kärhanalarynyň arasynda senagat, aragatnaşyk, awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikalaryny, elektron harytlary hem-de beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, täze kärhanalary döretmegiň geljekki ösüşleriň esasy şertleriniň biridigini belleýär. Bu oýlanyşykly başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, halkyň ösen ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde birnäçe möhüm ähmiýetli ýagdaýlar ýüze çykýar. Munuň özi intellektual ösüşiň ýokary derejesine tarap kuwwatly hereketdir. Şeýle hem tutuş jemgyýetiň dünýä ösüşiniň täze, ýokary şertlerine çalt uýgunlaşmagydyr.

Häzirki döwrüň ösüşlerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini gazanmakda mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmek bilen meşgullanýan düzümleriň, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has-da işjeňleşdirmelidiklerini yzygiderli nygtaýar. Öňe sürülýän şeýle derwaýys wezipeler, tekliplerdir talaplar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk, yzygiderli durmuşa geçiren daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň dowamy bolsa-da, bu ugurda täze çemeleşmeleriň zerurdygyny döwrüň ýagdaýlary äşgär edýär. Dünýäde onýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ählumumy ösüş hereketiniň hemmeler üçin kabul ederlikli esasy ugurlarynyň belli bir derejede özgerýändigi, halkara gatnaşyklarda soňky netijelerine göz ýetirmek örän kyn bolan, dürli ugurlardaky gapma-garşylyklaryň çynlakaý häsiýete geçýän döwründe dünýä giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek meselesi derwaýys bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üçin döwrüň ýüze çykarýan bu wezipesi döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň many-mazmunynda aýratyn orun eýeleýär. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem durnukly ösdürmekde amatly daşarky şertleri döretmegi, Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmegi, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramagy daşary syýasatyň ileri tutulýan wezipeleri hökmünde kesgitledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly orun berilýär.

Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda umumy kabul edilen kada-kanunlary, halkara hukugyň ýörelgelerini diňe bir ykrar etmek bilen çäklenmän, adamzadyň asuda geljegi, üpjün ýaşaýşy, raýdaşlyk, ynanyşmak ruhundaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugrunda anyk we netijeli hereketiň, meseleleri çözmäge gönükdirilen täsirli işiň zerurlygy aýratyn äşgärdir. Sebitde, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ylalaşykly hereket etmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Ylalaşyk bolsa, ilki bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda we hyzmatdaşlykda her bir ýurduň tutýan ýoly, milli bähbidi, syýasy, ykdysady mümkinçilikleri, ösüş hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň aýratynlyklary, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary babatda özara düşünişmegiň, birek-biregiň daşary syýasat ýörelgelerini ykrar etmegiň hasabyna gazanylýar.

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň daşary syýasy gatnaşyklarynda şeýle çemeleşmeleri işjeň ulanyp, hyzmatdaşlykda ygtybarly döwlet derejesine eýe bolýar. Munuň şeýledigini döwletimiziň Hytaý, Russiýa, Eýran, Türkiýe, ABŞ, Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleri, arap dünýäsiniň ýurtlary bilen alyp barýan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan geriminiň giňeýändigi hem aýdyň subut edýär. Elbetde, halkara söwda-ykdysady giňişlige çykmagyň ýoly, ilki bilen, goňşy döwletleriň, sebit ýurtlarynyň üstünden geçýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletler bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda işjeň syýasaty alyp barmagy hemmeleriň bähbidine gönükdirilendir. Munuň özi ählumumy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugur-ýollarynyň düýpli özgerýän häzirki döwründe aýratyn ähmiýete eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz beýik geljegiň bosagasynda durus» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, bu gün eýýamlaryň taryhy hakykaty döwre görä has täzeçe we kämil röwüşde ýüze çykýar. Çar ýana, ýedi yklyma pähim-paýhas dürlerini sahawatlylyk bilen eçilýär. Bu günki gazanylýan üstünlikler we ösüşler beýik geljegiň buşlukçysydyr.

Täze taryhyň daňy şu ýerde atar.

Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar.

Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar.

Döwlet Baştutanymyzyň şeýle ynamly we buýsançly sözleri türkmen halkynyň geljege barýan nurana ýolunyň şamçyragydyr.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

03.02.2024 ý

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -