Halkymyzyň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleri täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda giň gerime eýe bolýar. Diňe bir Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler, giň mümkinçilikler hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýetini hem aýratyn nygtap geçmek zerur.
Gahryman Arkadagymyzyň: Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip bellemegi-de ýurdumyzda mundan beýläk hem halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriniň dabaralandyryljakdygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanynyň hasabyna toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirilen çagalaryň ençemesi häzirki wagtda güneşli Diýarymyzyň goýnunda sagdyn, bagtyýar durmuşyň hözirini görýärler.
Durmuşymyzyň mazmunyna, ömür örkümize deňelýän çagalar döwletli ojaklaryň «altyn aşygy», ata Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleridir, berkarar döwletimiziň mizemiz sütünleridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Giň gerime eýe bolýan ynsanperwer işleriň netijesinde berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiziň hemişe üns-alada bilen gurşalýandygyna şaýat bolup, her bir ynsanyň kalby bagtyýarlyga, belent buýsanja beslenýär.
Jemal Gulbaýewa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
08.02.2024 ý