Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda hem ýurdumyz üstünliklere beslenýär. Şygyryndan äşgär bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sylag-sarpanyň hem-de guwanjyň ýylydyr.

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň ýene bir aýdyň beýanydyr. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär. Bu günki gün halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda akyldar şahyrymyzyň arzuwlan döwletli döwranynda ýaşaýar.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ahlak, mertlik, adalatlylyk, söýgi, watançylyk, ynsan gatnaşyklary, agzybirlik we başga-da birnäçe temalara uly orun berlipdir. Beýik şahyryň döredijiligi durmuşyň päkize ýollarynyň beýany bolup, her bir goşgy setiri ynsan kalbynda baky ýaşaýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljek uly toýuna ykjam taýýarlyk görülýär.

Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gunça Ataballyýewa, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

08.02.2024 ý

 

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Murgap etrap komiteti