Ak bugdaýyň Watanynda toý bu gün

Gadymy mekan 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Obalaryň, şäherleriň, etraplaryň keşbi özgerýär. 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler, pudaklar boýunça kesgitlenen wezipeler, şeýle hem gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler barada aýdylanlar watandaşlarymyzyň buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşup, olary mundan beýläk-de yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň şol mejlisde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi we 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Düýn — 12-nji fewralda buýsançly waka mynasybetli Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňünde giň gerimli baýramçylyk dabarasy boldy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler hem-de milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy, toý gazanlary ataryldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň göwnüni galkyndyrdy.

Ak bugdaý etraby welaýatymyzda iň uly etraplaryň biri bolmak bilen, ýurdumyzda hususyýetçilige berilýän ünsüň, telekeçileri goldamak babatynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde senagat taýdan iň çalt depginlerde ösýän etrap hökmünde hem giňden tanalýar. Etrabyň çäginde halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän önümçilik kärhanalarynyň sany ýyl-ýyldan artyp, giden bir senagat zolagy emele geldi. Bu ýerde hereket edýän hususy kärhanalaryň öndürýän durmuş hajatlaryna degişli harytlaryň köpdürliligi we ýokary hili halkymyzy guwandyrýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler diňe bir halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň gülläp ösendigi barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde-de giňişleýin maglumatlar, täsirli rowaýatlar beýan edilýär. Orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgasy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bolsa dürli ýurtlardan jahankeşdeleriň zyýarata gelýän ýeri hökmünde meşhurdyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi diňe bir etrabymyzyň ýaşaýjylaryny däl, eýsem, bütin halkymyzy buýsandyrdy. Bu toprakda türkmeniň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan sungat ussatlarynyň hem ençemesi kemala geldi. Olardan Türkmenistanyň halk artisti, belli gyjakçy Ata Ablyýewiň, damana ýolunda mynasyp yz goýan Durdy bagşynyň, türkmen estradasynyň ýyldyzlary Atabaý Çarygulyýewiň, Begmyrat Hojamyradowyň atlary sungat dünýäsinden daşdaky adamlara-da tanyşdyr.

Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň netijesinde, beýleki oba-şäherler bilen bir hatarda, Ak bugdaý etrabynyň hem keşbi barha özgerýär. Etrabyň çäginde täze döwrebap obalar, ýaşaýyş toplumlary, durmuş we önümçilik ähmiýetli binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Gojaman Köpetdagy ýassanyp oturan «Bereketli zaman» obasy özüniň gözelligi bilen göreniň gözüni dokundyrýar. Änew şäheriniň we onuň töwereginde ýerleşýän Magtymguly obasynyň çäginde dört gatly, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi etrabyň ilatynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegi hakyndaky aladalardan nyşandyr. Etrabyň Öňaldy obasynda gurulýan ýaşaýyş toplumyndaky gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan paýly bolan bagtyýar maşgalalaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny we hoşallyklaryny uly tolgunma bilen beýan edýän pursatlaryny synlanyňda, «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymatyň hakyky manysyna eýe bolýandygynyň şaýady bolýarsyň.

Ak bugdaý etrabynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, adamlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge çekmek, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hem oňyn netijesini berýär. Täzelikde durky bütinleý täzelenen Ak bugdaý etrap hassahanasy ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda mynasyp hyzmatlary bitirýär. Ajaýyp dag tebigatyna beslenip oturan «Bagabat» şypahanasyna saglygyny berkitmäge gelýän raýatlar bu ýerde eli ýeňil lukmanlaryň ýokary derejeli hyzmatyndan hoşal bolýarlar. Etrapda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik, mertlik ruhunda terbiýelemek, zähmetsöýer, ululara hormat goýýan, kiçini sylaýan, giň dünýägaraýyşly ýaşlary ýetişdirmek bilen baglanyşykly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda etrabyň 27-nji, 28-nji, 45-nji, 46-njy orta mekdepleriniň aýratyn tapawutlanýandygyny bellemelidir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda görkezen ýokary netijeleri üçin ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda ýeňiji bolmagy Ak bugdaý etrabynyň öňünde möhüm wezipeleri goýup, geljekde has-da belent sepgitlere ýetmäge ruhubelentligi, ynamy döretdi. Biz etrabymyzyň mundan beýläk-de uly ösüşlere eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň bölümçe müdiri, Ahal welaýat zenanlar guramasynyň işjeň agzasy

“Watan” gazeti

13.02.2024 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -