Beýik üstünliklere ruhlandyrýan ajaýyp eser

Berkarar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalary bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly ruhy joşguna beslenip tamamlanan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy göwünlerimizi ganatlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan bu kitap bagtyýar halkymyz, aýratyn-da, ýaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Onda döwlet Baştutanymyz türkmen ýaşlarynyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berýär. Bu eser hormatly Prezidentimiziň bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemäge, olaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberendigini buýsanç bilen nygtamak zerur. Milli Liderimiziň: «Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, aýratyn nygtamagy kitabyň türkmen ýaşlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

15.02.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Esenguly etrap komiteti