Syýasy işjeňlik — ösüşiň baş maksady

Halkyň bähbitlerini araýan syýasy partiýalaryň hatarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny giňden wagyz etmekde uly syýasy güýje eýedir. Demokratik partiýa jemgyýetçilik pikirini emele getirmek arkaly ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, raýat jemgyýetini berkarar etmäge ýardam bermek, Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, ony durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmak ýaly asylly maksatlara eýerýär.

Bu babatda TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti tarapyndan alnyp barylýan belent maksatly işler uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Etrap partiýa komitetiniň düzüminde 7 müňden gowrak agza hasapda durup, olary özüne birleşdirýän 169 sany ilkinji gurama hereket edýär. Ýörite düzülen iş meýilnamanyň esasynda alnyp barylýan işleriň ählisi döwrüň özgertmelerini, döwletimiziň ösüşlerini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylýandygyny, ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki belent wezipeleri we durmuşyň ähli ugurlary babatdaky ähmiýetli tutumlary wagyz etmäge gönükdirilendir.

Täze taryhy döwrümiziň uly ösüşlere beslenýän, biri-birinden zyýada gelýän ajaýyp ýyllary partiýanyň durmuşynda hem aýgytly işleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen beýik maksatlaryň tutumyny beýgeldýär. Bu babatda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip dabaralandyrylan geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli, ýaşlaryň durmuşyna dahylly wezipeleriň uly toplumy durmuşa geçirildi. Demokratik partiýa ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, syýasy taýdan ösen, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, sagdyn durmuş keşbine eýe, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan hakyky watançylary terbiýelemek babatynda birnäçe işleri alyp barýar. Ýaşlar bilen geçirilen köptaraply çäreler partiýa hatarynyň ýaşlaryň hasabyna has-da artmagyna getirdi. Çünki şanly wakalaryň yzysüre gyzgyny bilen geçirilýän çäreler adamlaryň döwür bilen has ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa döwlet durmuşynda alnyp barylýan işleriň halkyň aňyna tiz ýetirilmegini gazanmakda partiýa işjeňleriniň uly üstünliklerini, durmuşa geçirýän işleriniň netijelerini doly aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen taryhy ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde rowaçlyklara beslenen menzillerde gazanylan üstünlikler barada aýratyn belläp geçdi. Ykdysadyýetimizi ýokary depginde ösdürmek babatda gazanylan netijeler, gurlup ulanmaga berlen medeni-durmuş maksatly binalar baradaky taryhy maglumatlar täze döwürde halkyň bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagy, döwletimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy barada beýik işleriň amala aşyrylandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle ösüşler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem uly esas berip, ýylyň ilkinji pursatlaryndan taryhy işlere ulaşmagyna getirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara çäreleriň köp sanlysynyň geçiriljekdigini aýtdy. Şu ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, gurluşygyna badalga beriljek, şeýle hem ulanmaga beriljek desgalar barada nygtady.

Giňişleýin mejlisiň netijeleri, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipeleri partiýa işgärlerini, işjeň agzalaryny has önjeýli zähmet çekmek bilen, halk köpçüliginiň, zähmetkeşleriň, ýaşlaryň arasynda olary wagyz etmäge borçlandyrýar. Çünki döwlet durmuşynda bolup geçýän her bir wakanyň halkyň aňyna doly we dogry ýetirilmegi olaryň işjeňliginiň artmagyna, döwre gatnaşygynyň pugtalanmagyna uly itergi berýär.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

22.02.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti