Heniz orta mekdebi tamamlamandym. Okuw derslerinden alan bäşliklerimi buşlamaga howlugyp öýümize golaýlanymda, derwezämiziň öňünde ak guw ýaly lowurdap duran ulaga gözüm düşdi. Ulagyň täzejedigi görnüp durdy. Men çalt-çalt ädimläp, öýümize girmäge howlukdym. Niýetim, bu günki üstünligim bilen enemi begendirip, onuň berekellasyny almakdy.
Giň eýwanyň töründe oturan enemiň töwereginiň mähellesi mensiz hem ýetikdi. Köçämiziň gaýra çetinde ýaşaýan Aşyr kakam bütin maşgalasy bilen enemiň daşyny dolduryp oturan ekeni. Öýdäkileriň hemmesiniň nähilidir bir ýakymly wakanyň şaýady bolandyklary mese-mälim duýulýardy. Asyl görüp otursam, gapydaky täze ulagy Aşyr kakam alypdyr ol şatlygyny paýlaşmak üçin enemiň ýanyna gelen ekeni. Ählijämiz ony täze ulagy bilen gutladyk. Şonda enem maňa tarap seredip:
― Balam, hol sandykdan meniň alaja örýän guralymy al, soň ýumaklaryň arasyndan ak we gara reňklisini getirip bersene. Aşyr kakaň ulagyna dakmaga alaja öreli, alaja gözden-dilden goraýandyr. Özüň hem ýanymdajyk otur. Hem-ä maňa kömekleşersiň, hem-de alaja örmegi öwrenersiň. Ynha, Aşyr kakaň bir käse çaý içýänçä, biz alajamyzy taýýar ederis.
Men derrewjik enemiň diýen zatlaryny onuň ýanyna getirdim. Enem ýokary başy ikä bölünýän hatja görnüşli taýajyga ýüňleriniň ujuny berkidip, alajany örmäge başlady. Sähel wagtdan iki reňkiň çalşyrylyp örülmegi bilen birenaýy sungat döräp başlady. Enemiň elleriniň hereketleriniň birinem sypdyrman üns bilen synlap oturyşyma, haýyş ediji äheň bilen eneme ýüzlendim:
― Ene, menem örmäge synanyşyp göräýeýin?
― Balam, häzir muny eglenmänjik tamamlaly. Aşyr kakaň gaýtmanka dynyp, ulagyna dakyp goýbersek gowy bolar. Seniň üçin ýörite täze alaja başlap beräýerin. Alajanyň görnüşleri kändir, gyzym, eger isleseň men saňa ählisini hem öwrederin.
― Ene, şu alajalary ilkinji bolup kim döretdikä ? — diýip, bilesigelijilik bilen soradym.
― Alaja örmegi ilki kimiň döredendigini bilmedim welin, gyzym, alajanyň türkmen halkynyň durmuşynda has irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigini-hä bilýän.
Türkmen milli lybaslarynyň ählisinde-de alaja nagyşlary bardyr. Hatda haly-palaslaryň, keçeleriň nagyşlarynyň arasyndan hem alajalar geçirilýär. Ýakalaryň bagjyklary hem mydama-da alajalardan edilýändir. Zenanlaryň uzyn saçlarynyň örümlerindäki saçbagylaram alajadan edilipdir. Gyzlaryň durmuşa çykanda alyp gidýän bukjalarynyň bagyny-da hökman alaja ýüpünden edýärler. Çünki alaja iki reňkiň garylmagy bilen birenaýy sazlaşyk döredýär. Ýaş çatynjalaryň durmuşynyň hem şonuň ýaly sazlaşykly bolmagyny arzuw eden ene-mamalarymyz yrym edip, gyzyň bukjasyny alaja bilen baglapdyrlar.
Gyzyl kürtä beslenip, düwmelerini şaňňyrdadyp gelýän gelni söýgi bilen garşylaýan gaýynene, ilki bilen, oňa öz niýetlän alajasyny dakýar. Täze doglan bäbejigiň gundagbagy, sallançagynyň ýüpi-de alaja baglardan edilýär. Bu däp-dessurlar häzirki günlerde-de öz tasirini gaçyrman dowam edip gelýändir. Ine-de, alajamyz taýýar boldy. Ýör, gyzym, muny Aşyr janyň täzeje ulagyna dakaly.
Biz alajany ulagyň dolandyryjysynyň daşyndan aýlap-aýlap bekje edip berkitdik. Göwnüme bolmasa, ulagam öňküsinden has görklenen ýaly boldy.
Şondan soň enem maňa alaja işmegiň, örmegiň dürli görnüşlerini öwretdi. Men öz ellerim bilen ören alajalarymy sowgat berip, joralarymy, synpdaş gyzlarymy begendirdim. Enemiň alaja örmäge niýetlenen guralyny bolsa, häli-häzirler hem gözümiň görejine deňäp saklap ýörün. Mahal-mahal ony elime alyp, enem bien alaja ören günlerimi ýatlaýaryn.
Kämahal Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň alaja örýän guralyny, keşdelän kürtesini synlaýaryn. Şonda enemli günlerimi, onuň bilen alaja örüşimi ýatlap, tolgunanymy duýman galýaryn.
Kümüş Mätniýazowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölümçe müdiri
«Ahal durmuşy» welaýat gazeti
28.02.2024 ý