Ogulnur ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Bu maslahatda Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli taglymatynyň miwesiniň bu gün uly üstünlikleri özünde jemleýändigini buýsanç bilen aýdyp geçdi. Bu bolsa «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasy ýörelgämiziň bu günki günde uly hormata eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaş syýasatşynaslara halkymyzy döredijilikli işlere has-da ruhlandyryp, wagyz-nesihat işlerini dowam etmelidigini nygtamagy, halkymyzyň aň-düşünjesini, watansöýüjilik ruhuny kämilleşdirmekde, milli ýörelgelerimiziň taryhy gymmatlyklaryny ulanmakda gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işlemeklik üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellemekligi biz — ýaş syýasatşynaslary belent maksatly işlere ruhlandyrdy. Şol taryhy pursatda maňa-da çykyş etmek bagty miýesser etdi. Milli demokratiýany dabaralandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly pelsepesi bize görelde bolup durýar. Biz ýaşlara bu günki günde döredilýän mümkinçilikleriň ýokary derejededigini buýsanç bilen bellemelidiris.
Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň geljegimize belent ynamynyň tutumly maslahatlarda dabaralanmaklygynyň özi ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna bildirýän hormatynyň nyşanydyr.
Döwletli işleri amala aşyrmakda alyp barýan uly işleri üçin ýaş syýasatşynaslar bolup, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyzyň ýagty geljegi üçin alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
"Arkadag" gazeti
07.03.2024 ý