Türkmenistan Garaşsyzlyk ýolunda döwletliligiň esaslaryny pugta kemala getiren ýurt hökmünde tanalýar. Şol esaslary hukuk we syýasy-jemgyýetçilik taýdan yzygiderli kämilleşdirmek bütin dünýäde dowam edýän özgerişler bilen hem baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny we dünýäniň häzirki ösüşini milli jemgyýetiň bähbitleri esasynda utgaşdyrmak babatda örän oýlanyşykly halkara syýasaty alyp barýarlar. Ýurdumyzda parahatçylykly ýol bilen ösüşi üpjün etmekde gazanylýan netijeler hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu babatda aýdylanda, döwletara, goňşuçylyk gatnaşyklarynda has ilerleýän işjeň syýasat barada aýratyn durup geçmek zerurdyr. Şunda 11-12-nji martda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi örän ähmiýetliligi bilen tapawutlanyp, onuň çäklerinde guralan duşuşyklar, öňe sürlen döwletli başlangyçlar bu geňeşiň we guramanyň geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-2-nji martynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde iş saparynda bolup, ol ýerde geçirilen diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň, goňşy Owganystanyň işewürleriniň öndürýän harytlarynyň Aşgabatda guralan sergisiniň, onuň çäklerinde owgan wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyklaryň ähmiýetini belläp geçmek gerek.
Antalýa diplomatik forumynda çykyş eden Gahryman Arkadagymyz: «Halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar. Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary hem-de döwletleri bu işe doly çekmek zerur» diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň umumadamzat ähmiýetli çuň mazmunyny ýene bir gezek açyp görkezdi. Hut şeýle ynsanperwer syýasatyň durmuşdaky anyk ýüze çykmasy hökmünde owgan harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilen sergisini görkezmek bolar. Ol diňe ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy ýurduň halky üçin parahatçylykly ösüşiň ähmiýetine we ýol-ýörelgelerine giňden düşünmäge-de ýardam beren waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ol sergä baryp görmegi, owgan işewürleri bilen gürrüňdeş bolmagy deňhukukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli guramak üçin zerur bolan güýçli syýasy erkiň, paýhaslylygyň, ynsanperwerligiň ilkinji şert bolup durýandygyny, döwletimiziň hut şeýle gatnaşyklara ygrarlydygyny äşgär etdi.
Dünýäde bolup geçýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň çäginde Türkmenistanyň tutýan ýoly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly syýasaty giňden we üns bilen öwrenilmäge degişlidir.
* * *
Adamzat ýaşaýşynyň häzirki döwrüniň jemgyýetçilik aňy, ruhy durmuşy hakda aýdylanda, käbir meýilleri anyk saýgarmak, seljermek mümkindir. Ýaşaýşyň akymyny has çaltlaşdyrýan ylmy-tehnologik ösüşleriň güýçlenmegi, täze üýtgeşik şertleriň ýüze çykmagy bilen, adamzadyň pikir-garaýyşlarynda-da özgerişler bolup geçýär. Ýöne bu döwrüň aňyýet ösüşiniň täsin taraplarynyň biri bolan tehnika, tehnologiýa durmuşymyza hernäçe düýpli özgerişleri getirse-de, halklaryň geçmişden daşlaşman, gaýtam, milli garaýyşlaryň gitdigiçe güýçlenýändigidir. Bu ýagdaý diňe bir milli jemgyýetleriň aňyýetinde däl-de, eýsem, döwlet syýasaty derejesinde-de äşgär duýulýar.
Ýene bir bellemeli ýagdaý, ählumumy ýakynlaşmak ýagdaýynyň adamzat ýaşaýşynyň daşky taraplarynda ýüze çyksa-da, onuň içki mazmunyna onçakly täsir edip bilmeýändigi bilen baglydyr. Munuň özi ýurtlaryň geografik ýerleşişi, tebigatlaryň dürlüligi netijesinde, müňýyllyklaryň dowamynda dörän, kämilleşen milli aýratynlyklaryň mizemezliginiň netijesidir diýmäge esas bar.
Jemgyýetçilik durmuşynda döwürlere görä özgerişleri kesgitlemek üçin syýasy-jemgyýetçilik garaýyşlarda köp düşünjeler ýüze çykypdyr. Köpgyraňly dünýä, medeniýetleriň ylalaşygy ýaly düşünjeler arkaly, häzirki döwrüň jemgyýetçilik durmuşynyň aýratyn ýagdaýlaryny aňlatmaga bolan çemeleşmeleriň, bular käbir ýagdaýlarda jemgyýeti öwreniş ylmynyň we syýasatşynaslygyň nazaryýeti bolsa-da, durmuşda öz beýanyny tapmagynyň kyndygyny döwür görkezýär.
Ählumumylaşmagyň daşky taraplary bilen milli garaýyşlaryň mazmunynda dowam edýän, ylalaşyga gelmesi örän kyn bolan gapma-garşylyklaryň sazlaşygyny tapmak meselesiniň dünýä syýasatynyň gün tertibinde durýandygy hem äşgärdir. Bu bolsa kähalatda diňe durmuş, ruhy, medeni, aňyýet taýdan garşy durmalar derejesinden has ýokarylara ýetip, döwletleriň, sebitleýin toparlaryň arasyndaky düşünişmezlige getirýär. Şoňa görä, halkara gatnaşyklarda täzeçe çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň zerurlygy baradaky pikirler Milletler Bileleşiginde häli-şindi öňe sürülýär.
Halkara syýasaty ynsanperwerleşdirmegiň zerurlygy baradaky pikir Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýada öňe sürýän ýörelgeleriniň we başlangyçlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň düýp mazmunyny düzýär. Berkarar döwletimiziň täze taryhynyň ähli ösüş tapgyrlarynda amala aşyrylan özgertmeleriň, kemala getirilen milli durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ýörelgeleriniň parahatçylyga, ynsanperwerlige esaslanýan mazmunynyň ýörite maksat bilen, döwrüň çylşyrymly ýagdaýlaryna çuňňur düşünmek bilen kemala getirilendigi barha äşgär bolýar. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ylalaşyk, düşünişmek, sabyrlylyk, geçirimlilik ýaly häsiýetler türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleriniň iň esasy aýratynlygy bolup, köp ýagdaýlarda biziň milletimiz şeýle tebigy häsiýetleri bilen özboluşly ýaşaýyş ýollaryny asyl durkunda gorap saklamagy başarypdyr. Kynçylyklary, garşylygy diňe ýarag bilen däl-de, islendik ýaragdan güýçli bolan paýhas-parasat, aň-düşünje, mizemez milli ruh bilen ýeňmegiň zerurdygyna berk ynanypdyr. Milletimiziň häsiýetleriniň aýratynlyklary hakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda düýpli pikir-garaýyşlary öňe sürýär. Milli Liderimiz belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestindäki doganyny saz bilen ýesirlikden boşadan Şükür bagşynyň häsiýetini tutuş türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşdyryp, häzirki çylşyrymly döwür üçin iňňän zerur bolan «parahatçylygy döretmek sungaty» diýen düşünjäni öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyz kitapda: «Ruhy-medeni gymmatlyklar, ýagny döredijilik we abadanlyk bilen bagly garaýyşlar biziň halkymyzyň durmuş filosofiýasynyň esasy bolup durýar» diýip belleýär.
Häzirki döwürde halkymyzyň durmuş filosofiýasynyň mazmunynda parahatçylygy döretmek sungaty barada Gahryman Arkadagymyzyň garaýşy iň güýçli ideýadyr. Örän gymmatly, ähmiýetli we diýseň täsirli ýörelgedir. Munuň özi adamzadyň şu gününe, geljegine jogapkärçilik baradaky talapdan gelip çykýar. Parahatçylykly ösüş baradaky maksadyň Milli Liderimiziň döreden binýatlaýyn döwlet syýasatynyň, bu syýasaty döwrüň talaplaryna görä ösdürýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň esasy mazmuny bolup durýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr.
* * *
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda intellektual ösüşi has işjeňleşdirmek, ýaş nesilleriň eziz Watanymyzyň geljegi babatdaky jogapkärçiligi ýürekden duýup, dünýäniň häzirki zaman ylmy-tehnologik ösüşlerine çuň düşünmekleri, oňa öz zehinleri we başarnyklary bilen has giňden goşulyşmaklary ugrunda oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Intellektual ösüşiň işjeňleşmeginiň ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi bilen berk utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň sazlaşygyny, sagdynlygyny, durnuklylygyny gazanmakda häzirki döwürde esasy ýörelgedir. Şeýle paýhasly syýasaty alyp barmak jemgyýetçilik aňyny ösdürmekde, Watanyň geljeginiň ygtybarly daýanjy bolan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde esasy çözgütdir.
Ýurdumyzda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen maksatnamalaýyn şygar bilen amala aşyrylýan bilim syýasaty netijeli ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi milli hünärmenleriň ukyplaryny ýokarlandyrmak arkaly, ýurtda giň gerimde dowam edýän durmuş-ykdysady ösüşleri ilerletmek bilen birlikde, berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny abraý bilen dowam etdirmek maksadyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň biridir. Döwletiň ygtybarly binýatlaryny has-da pugtalandyrmagyň netijeli ýoludyr.
Ylymly-bilimli häzirki nesliň aň-düşünjesinde parahatçylykly ösüş syýasatynyň çuň ornaşýandygy, parahatçylygy döretmegiň ugur-ýollary baradaky garaýyşlary öwrenmekde, özleşdirmekde olaryň nusgalyk tejribeleri ynamly ele alýandyklary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly geljeginiň kepilidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kemala getiren ösüş ýoly, öňdengörüjilikli döwlet syýasaty uly durmuş mekdebidir.
* * *
Häzirki döwrüň maglumat tehnologiýalary dünýä syýasatynyň, halkara gatnaşyklaryň ähli ugur-ýollaryny, özgerişli ýagdaýlaryny eliň aýasyndaky ýaly açyp görkezýär. Munuň özi, bir tarapdan, aň-düşünje ösüşiniň çeşmeleriniň biri bolsa, beýleki tarapdan, umumadamzat ýaşaýşynyň ruhy ýagdaýlaryna oňaýsyz täsirini ýetirmän durmaýar. Ynsan ýaşaýşynyň ähli ugurlarynda belli bir gorag çäkleriniň bolmalydygyna müňýyllyklaryň dowamynda oňat düşünen adamzat dünýä taryhynyň barşynda şol çägi saklamagyň alajyny gözläpdir. Ylym, bilim, milli däp-dessurlar, döredijilik, medeniýet, sungat arkaly ahlak, ruhy, beden, aň goraglylygyny, durmuş sazlaşygyny üpjün etmegiň umumadamzat hazynasyny döredipdir. Bular barada çuň düşünjeleri, duýgy ölçeglerini kemala getiripdir. Biziň döwletimiziň alyp barýan ruhy-intellektual syýasaty şol goraglylygyň gowşamagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu maksady amal etmegiň ýoly bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky ynanyşmagy, arkalaşygy, jebisligi gazanmak bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda alyp barýan syýasaty özboluşly tejribe hökmünde dünýä syýasatynyň belli bir ugry derejesine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň täsiri diňe bir biziň jemgyýetimizde däl-de, döwletara, sebitleýin, halkara derejedäki syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde öz ornuny pugtalandyrýar.
Dünýäde dowam edýän çylşyrymly we pajygaly syýasy, harby gapma-garşylyklaryň oňyn çözgüdini tapmak meselesi adamzadyň ruhy-aňyýet ýagdaýlaryna aýratyn üns bermegiň zerurlygyny äşgär edýär. Bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrunda halkara çäklerde alnyp barylýan umumadamzat ähmiýetli işlerde oňyn netije gazanmagyň aňsat däldigi öz-özünden düşnüklidir. Şunda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoly maksada ýetmegiň anyk şertlerini indi 32 ýyl bäri dünýä äşgär edip gelýär. Biziň ýurdumyz sebitde we ählumumy giňişlikde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barmakda uly mümkinçiliklere eýedir. Bu mümkinçilikleriň diňe parahatçylykly ösüşlere hyzmat etmegini gazanmakda Türkmenistanyň ýeten derejesi, gazanan abraýy Ýer ýüzünde asuda geljegi üpjün etmek maksadynyň umyt yşygydyr diýmäge esas bar. Çünki türkmen halkynyň milli ruhy şamçyraga öwren ösüş ýoly, berkarar türkmen döwletiniň ynsanperwerlige ýugrulan syýasy-jemgyýetçilik ýörelgeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwrüň öňdebaryjy gazananlarynyň halkyň taryhy ösüş ýoly bilen utgaşdyrylmagyna esaslanýan içeri we daşary syýasaty umumadamzat bähbitleri üçin köp zatlary edip boljakdygyna güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiz ählumumy howpsuzlyk meseleleri baradaky açyk hem-de kesgitli garaýyşlaryny halkara derejede, dürli forumlarda, sammitlerde yzygiderli beýan edip gelýär. Parahatçylykly gatnaşyklary, ynanyşmagy gazanmagyň anyk ýollary baradaky möhüm teklipleri we başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň netijesinde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde köp oňyn netijeleriň gazanylandygyny, dürli ugurlarda gatnaşyklaryň has ýygjamlaşandygyny bellemek gerek.
Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş eden hormatly Prezidentimiz: «Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary esasynda olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz» diýip, bütin adamzadyň öňünde durýan howpsuzlyk meselelerini çözmek baradaky möhüm işleri utgaşdyrmakda BMG-niň aýratyn ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz syýasy we harby howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygy, howpsuzlygyň bölünmezligi, bitewüligi baradaky pikir-garaýyşlaryny hem beýan etdi. Ine, bu meseleler Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara degişlidir we «Gämiçiniň jany bir» diýlişi ýaly, gözel dünýämiziň abatlygyny gorap saklamak her bir adamyň aň-paýhasyna, geljek baradaky aladasyna baglydyr.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
15.03.2024 ý