Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny dabaraly belläp geçipdirler. Gündogar halklarynyň köpüsinde Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty mart aýynyň 21-i — Täze gün diýen manyny aňladýar. Gije-gündiziň ýazky deňleşmesinden soň, tebigatda janlanma, ösümlik, haýwanat dünýäsinde oýanyş, ösüş başlanýar. Munuň özi adamzat durmuşynda ertirki günüň aladasynyň başlanýandygyny aňladýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz şygyr setirlerinde Nowruzyň älem-jahana çaýýan ajaýyp pursadyny beýan edipdir. Ol: “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýip, Nowruzyň tebigaty, dünýäni täze keşbe getirişini çeper sözüň üsti bilen suratlandyrypdyr. Bu döwri adamlar rysgal-berekediň döwri hasaplapdyrlar.
Nowruzda dürli tagamlar bişirilipdir, olardan iň esasy — Äşe-Patmanyň aşy hasap edilýän semeni bolupdyr. Ony şinelän bugdaýdan, undan taýýarlapdyrlar. Semeniniň bişirilmegi ýazyň gelmegini buşlaýar. Yryma görä, Nowruzda ýagyş ýagsa, şol ýyl hasylly bolarmyş. Şonuň üçin “Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir” diýilýär. Nowruzda ýagan ýagyş geçiniň şahyny ezse, şol ýyl gowy hasyla garaşybermeli. “Eger ýagyş ýagmasa, ol ýyl gurak bolar” diýilýär. Häzirki wagtda Nowruz baýramy baý medeni mirasy, däp-dessurlary özünde jemleýän, dabaraly bellenilýän şanly senä öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbangül Mädenowa, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
21.03.2024 ý