Berekediň egsilmesin, topragym!

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişen Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary möwsümde kuwwatly traktorlara tirkelen ekijileriň 30-syny bökdençsiz işlederler. Olaryň saz işlemegi üçin önümçilik birleşiginde döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň dowamynda ekin meýdanlarynda bolar. Sebit boýunça gowaça ekiljek 13 müň gektar meýdanda kuwwatly traktorlaryň 140-sy bilen sürüm, 125-si bilen tekizlemedir keş çekmek işleri öz wagtynda we agrotehniki talaplara laýyklykda geçirildi. Ekin ýerlerine barýan suwaryş ulgamlary irgözinden arassalanyp, zerur gowaça tohumy hem ýeterlik möçberde jemlendi. Möwsümde gowaçanyň ozal synagdan geçen «Ýolöten — 7», «Jeýhun» we «S-2606» tohumlary ekiler. Bu işler balkanly daýhanlaryň şu ýyl pagtanyň 16 müň tonnasyny ýygnamak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär.

Gowaça ekişine Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» hususy daýhan hojalygynda badalga berildi. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Güneşli ülkämiziň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmet bilen baýamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Tehniki hyzmatlaryň, döküniň, tohumyň daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmegi, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy, kärendeçiler bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirilmegi, zerur himiki serişdeler, suw bilen üpjünçilikde bökdençligiň bolmazlygy, bugdaýy, gök-bakja önümlerini ýokary hilli saklanmak üçin elewatorlaryň gurulmagy, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda ekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň babadaýhanlary ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk görnüşlerini ekmekde we olardan bol hasyl almakda iş tejribelerini has-da baýlaşdyrýarlar.

Etrabymyzyň daýhanlary döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşantlaryny goşýarlar.

Goý, halkymyzyň bolelin, asuda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin alada edýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

Şamyrat Akmämmedow, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy

“Watan” gazeti

23.03.2024 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti