Änew — gadymy medeniýetiň mekany

Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly girmegi bilen, tebigat gaýtadan janlandy. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Paýtagtymyz Aşgabatdan sekiz kilometr gündogarda, Ahal ýaýlasyna ýaýylyp gidýän gadymy Änew şäheri bu bahar günleri çar ýandan gelýän myhmanlary garşy aldy.

Her bir halkyň özüniň öçmejek şöhratly taryhy, belende göterilen milli medeniýeti bolýar. Türkmen halkymyzyň hem hiç bir halkyňka meňzemeýän beýik taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Üstünden Beýik ýüpek ýoly geçen gadymy Diýarymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesiniň bolmagy-da bu topragyň şöhratly taryhyndan habar berýär. Änew medeniýetiniň açylmagy diňe bir Günorta Türkmenistanyň taryhy üçin däl, eýsem gadymy Gündogaryň oba hojalygynyň taryhy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy we birnäçe gezek täsin tapyndylary bilen haýran galdyrdy.

Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolup, 2024-nji ýylda bu şäher türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edýän merkeze öwrüler. Gadymy türkmen şäherinde türki halklaryň döredijilikli mümkinçiliklerini, medeni mirasyny dabaralandyrýan çäreleriň ençemesi — halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumy, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi we başga-da köp sanly çäreler guralar. Olar Änewiň medeni mirasyny we häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýyl has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan türkmen şäheriniň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli döwür bolar. Bir saçagyň başyna jem bolup geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler bolsa asly taryhy, dili, däbi, dini bir bolan halklary has-da ýakynlaşdyrar. Türkmeniň milli medeniýetiniň älem içre dabaralanmagynda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Röwşen Gulow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

27.03.2024 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Ak bugdaý etrap komiteti