Parahatçylygyň aýdyň ýoly
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar. Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar.
Bu babatda biz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has anygyny aýtsak, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň bu başlangyjyny goldamagy hem-de oňa dünýäniň 86 ýurdunyň awtordaş bolmagy buýsançly taryhy waka boldy. Bu Kararnamanyň maksady dünýäde ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga hem-de döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendiginden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, bu resminama bütin dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin işleri mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmegiň zerurlygyny görkezýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynda bu abraýly halkara guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen halkynda guwanç duýgusyny döretdi. Bu halkara ähmiýetli waka Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çary Öwezow, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
28.03.2024 ý