Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Garaşsyz döwletimizde Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Türkmen halky hemişe ynsan saglygyna, sagdyn durmuşa uly üns berip gelipdir. “II saglygy — ýurt baýlygy”, “Saglygym — baýlygym”, “Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun” diýen pähimler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda (rejelenen görnüşi) adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasydyr diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adamlaryň saglygy, bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen şygarlary baş ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrýan ähli özgertmelerini, maksatnamalaryny halkymyzyň sagdyn, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirýär.

Şu günler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Bütindünýä saglyk gününi dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Şol gün welosipedli ýöriş, medeni-sport çäreleri baýramçylyk dabarasy bilen goşulyşyp bellenilip geçiriler. Bu sene sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň özboluşly baýramçylygy bolany üçin ildeşlerimiz her bir sport çärelerine köpçülikleýin we işjeň gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda-da sagdynlygyň baýramy şatlyk-şowhuna beslener.

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almaklary barada yzygiderli alada edilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlar yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň netijesinde gurulýan häzirki zaman zawod-fabriklerinde işçi hünärmenleriň döredijilikli, howpsuz zähmet çekmekleri, arakesmelerde oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem zähmet rugsadyna çykan raýatlarymyz şypahanalarda, “Awaza” sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde saglyklaryny dikeldýärler. Döredip berýän şeýle şertleri üçin olar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar, ruhubelent durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alýan hormatly Prezidentimiz ýurt Baştutany bolan ilkinji günlerinden jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga gönükdirilen çäreleri giňden ýaýbaňlandyrdy.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

04.04.2024 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti -