Dünýäde söz bilen dikilen heýkeller bakydyr. Çünki söz ynsan kalbynyň ýaraşygy, syrdaşydyr. Döwürleriň hem-de döwranlaryň ajaýyp sazlaşygy sözüň gudraty bilen bir bitewüligi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem geçmişe sarpanyň, geljege bolan belent ynamyň çeper beýanydyr. Sözde geçmiş bilen geljegiň ajaýyp sazlaşygyny emele getiren bu gymmatly eser köňüllerde we ýüreklerde baky orun aldy. Gadymy Änewiň şöhratly taryhy hem halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň aýdyň nyşanydyr. Alymlardyr arheologlaryň jahanyň şöhratly taryhy hakyndaky buýsançly söhbetlerinde ady belent tutulýan Änew ak bugdaýyň mekany hökmünde özüniň taryhy mertebesini beýgelden şäherdir.
TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan Änew şäherine 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi halkara gatnaşyklarda medeni diplomatiýamyzyň uly üstünlikleriniň biri boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde: «Änew ýaly gadymy mekany, Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ussat şahyry bolan halkyň medeniýetiniň adamzat medeniýetiniň ösüşlerinde uly paýynyň bardygy ikuçsuz hakykatdyr. Biz öz taryhymyza guwanýarys. Şol taryhyň häzirki zamanyň ruhy-medeni gurşawynyň kemala gelmeginde düýpli esas bolýandygyny hem ynamly ykrar edýäris» diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşandynyň bardygyny nygtaýar. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, milli we ruhy gymmatlyklarynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Gadymy Änewiň şöhratly topragyndaky Nusaý galasynyň taryhy ýadygärlikleri bu halkara guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan mynasyp orun aldy.
Änewiň şöhratly taryhyndan söhbet açýan bu eseriň bölümlerinde hormatly Prezidentimiz bu toprakda ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlaryň eserlerine hem ýüzlenýär. Şunda Dosmämmet şahyryň:
Dosmämmet, köňlüm senden üzülmez,
Taryhda ýazylmyş Änew bozulmaz —
diýen setirlerini mysal getirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Änewiň buýsançly taryhynyň edebi eserlerimizde hem giňden wasp edilendigini beýan edýär.
Ak bugdaýyň gadymy mekany bolan Änew topragynyň şan-şöhratyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan bu ajaýyp kitap okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Gadymy Änewiň geçmişini öwrenmekde, ylmy taýdan seljermekde möhüm ähmiýete eýe boljak bu eser merdana pederlerimiziň gadymy topragynyň Pyraga tagzymly şanly ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän toýlaryň dabarasyny has-da belende galdyrdy.
Şeýle gymmatly eseri halkymyza peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
25.04.2024 ý