Pileçileriň zähmet joşguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, zähmetsöýer babadaýhanlary, kärendeçileri halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaklyga ruhlandyrýar. Şu günler etrabymyzda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyzyň pileçi kärendeçileri ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini uly ruhubelentlik bilen, ýokary guramaçylykly ýola goýýarlar. Şu ýyl etrabyň pileçileri etrap boýunça 19 müň 247 gram ýüpek gurçugyny idedip, meýilnama boýunça 37 tonna pile tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Bu gün ýüpek gurçugynyň bol hasylyny almak ugrunda edilýän aladalar, döredilip berilýän mümkinçilikler edermen pileçi kärendeçileriň ruhuna ruh goşýar.

Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwürde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemläp, döwlet harmanyna ýokary hilli piläniň bol hasylyny tabşyrmak her bir pileçi kärendeçiniň esasy maksady bolup durýar.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

25.04.2024 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti