Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, bagtyýar halkymyzyň bähbidine, halkara abraýymyzyň artmagyna gönükdirilen maksatnamalar, iri taslamalar amala aşyrylýar.
Munuň şeýledigine biz ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyranda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyp, bu desganyň ulanylmaga bermegi bilen ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Bu ýerde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryň 5-si gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylaryna häzirki zaman awtoulaglarynyň 200-e golaýyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi we häzirki zaman awtoulaglarynyň sowgat berilmegi bagtyýar ýaşaýjylarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza guwançlaryny, buýsançlaryny has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde buýsandyryjy wakalara şaýat bolduk. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, hormatly ýaşulularyň we eneleriň, saglygy goraýyş işgärleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bagtyýar ýaşaýjylaryň gatnaşmaklarynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, şeýle hem Mary şäherinde Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan 59 sany 2 gatly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň we ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adam hakyndaky aladanyň ýokary derejededigini tassyklaýar.
Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary özleri barada şeýle uly aladalary edýändikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
02.05.2024 ý