Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr. Täze kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň üç dilde neşir edilen bu eserinde şöhratly taryhymyz bilen birlikde, eziz halkymyzyň dünýäniň ünsüni özünde jemleýän taryhy-medeni mirasy, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada hem giňişleýin maglumat berilmegi aýratyn bellärliklidir.
Taryhy müňýyllyklardan gözbaş alýan Änew şäheriniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada örän gymmatly maglumatlar berilýän eserde Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde şu günki günde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler hakynda hem söhbet edilýär. Täze kitabyň dürli fotosuratlar, ussat suratkeşleriň eserleri bilen bezelmegi onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.
Ajaýyp kitaby peşgeş beren döwlet Baştutanymyza hoşallygymyz egsilmezdir.
Satlyktagan Maşow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri
"Balkan" welaýat gazeti
02.05.2024 ý