Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaý ekilen 600 gektar meýdanda ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde tehnikalar saz işledilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Gallaçy kärendeçileriň birleşen tagallasy netijesinde, hojalykda her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha bol hasyl toplap, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1130 tonna guşgursak ak bugdaý öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde Allanazar Hydyrowyň, Döwletgeldi Şammyýewiň, Allamyrat Täçmyradowyň ýolbaşçylyk edýän 8, 9, 13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary tutanýerli zähmeti bilen has-da öňe saýlanýarlar.
Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
09.05.2024 ý