Türkmenistanyň Konstitusiýasy, ähli syýasy-hukuk resminamalary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli ýolunyň ruhuna ýugrulandyr. Olar halkymyzyň dünýägaraýşynyň, durmuş talaplarynyň, syýasy-jemgyýetçilik düşünjeleriniň beýany bolmak bilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kesgitlemelerine, ýörelgelerine hem gabat gelýär.
Halkymyz kabul edilýän kanunlaryň her bir raýatyň mertebesini, ygtybarly, kadaly ýaşaýşa hukugyny goraýandygyny oňat bilýär. Döredilen hukuk esaslary adamlaryň zähmet gatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň hususy böleginiň döwlet hem jemgyýetçilik bilen baglanyşygyny sazlaşdyrmakda döwletiň hem halkyň bähbitlerini kanun esasynda üpjün edýär.
Türkmeniň ýaşyl Tugy parahatlyk söýüji ýurduň bagtyýar halkynyň parlak ruhuny alamatlandyrýar. Ol berkarar, gülläp ösýän Watanymyzyň halkara abraýynyň has belende galýandygyny äşgär edýän buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlygymyzyň taryhy ösüşinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli şöhratly işleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň şaýadydyr. Ýaşyl Baýdagymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwlet gurmakda ägirt uly tejribä eýe bolan türkmen halkynyň geljege tarap, ösüşli ýollar bilen ynamly öňe barýandygyny ykrar edýän hakykatdyr. Bu röwşen ýol Konstitusiýamyzda täze döwrüň talaplary esasynda has-da kämilleşdirilýär.
Goý, bu şöhratly ýolda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýna Işanowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary
“Watan” gazeti
18.05.2024 ý